Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mýanmarda azat saýlaw geçirilýär


Mýanmar 25 ýylda ilkinji azat saýlawlaryny geçirýär. Saýlawlarda Nobel parahatçylyk baýragynyň eýesi Aň San Su Çži tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Demokratiýa ugrundaky Milli liga ýeňer öýdülýär.

Emma onuň özüne, konstitusiýa girizilen düzediş sebäpli, prezident bolmak bolmaýar.

30 million çemesi adam ses bermek hukugyna eýe, emma ýurduň ýanalýan 1.1 million musulman azlygy ses bermekden mahrum.

Bu saýlawlarda 91 partiýanyň kandidatlary bäsleşýär, emma esasy ýaryş Milli demokratik liga bilen Raýdaşlyk bileleşigi we Ösüş partiýasynyň arasynda barýar. 664 orunly parlamentiň 25 prosenti harbylara goýlan.

Prezident Thein Sein öz hökümetiniň we harbylaryň saýlawlaryň netijesine hormat goýjakdygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG