Sepleriň elýeterliligi

'Talyban' öz arasynda söweşýär


Owgan resmisi “Talybanyň” gapma-garşy bölümleriniň bir-birine garşy söweşýändiklerini we soňky günlerde iki tarapdan jemi 50 çemesi adamyň öldürilendigini habar berdi.

Zabul welaýatynyň Arghandab etrabynyň häkimi Mohmand Nostrayar “Talybandan” bölünen söweşijileriň molla Mohammad Rasulyň ýolbaşçylygynda Owganystanyň günortasynda “Yslam döwleti” toparyna goşulandygyny aýtdy.

Geçen hepdede Rasulyň Kabulyň iýul aýynda “Talybanyň” esaslandyryjysy Molla Omaryň ölendigi barada yglan etmeginiň yzýany ýolbaşçylygy öz eline alan Molla Ahtar Mansury goldamaýan toparyň lideridigi aýdyldy.

“Talybanyň” Mansura ýakyn ýolbaşçysynyň 8-nji noýabrda “The Associated Press” agentligine aýtmagyna görä, Rasul özünde ýeterlik söweşiji bolmansoň “YD” toparyna goşulypdyr.

XS
SM
MD
LG