Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Kabula has köp elektrik togy beriler


Türkmenistan Owganystana elektrik energiýasynyň uzakmöhletleýin üpjünçiligini göz öňünde tutýar.

Prezident G.Berdimuhamedowyň 2027-nji ýyla çenli türkmen elektrik energiýasyny Owganystana ugratmak barada permana gol çekendigini türkmen mediasy habar berdi. Permana laýyklykda “Türkmenenergo” döwlet kompaniýasyna Owganystanyň “Breşna Şerkat” kompaniýasy bilen 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 2027-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli elektrik energiýasyny bermek barada ylalaşyga gol çekmäge rugsat berilýär.

Türkmenistan Owganystana elektrik energiýasyny ýeňillikli nyrhdan satýar.
Şu ýylyň maý aýynda ýurtlaryň arasynda gol çekilen dokumente laýyklykda, Türkmenistan Owganystana berýän elektrik togunyň möçberini 2018-2027-nji ýyllar aralygynda dört esse artdyrar.

XS
SM
MD
LG