Sepleriň elýeterliligi

Nemsowyň ölümi çeçen ofiserine ýöňkeldi


Boris Nemtsow

Boris Nemtsow

Boris Nemtsowyň maşgalasynyň aklawçysy derňewçileriň Çeçenistanyň howpsuzlyk güýçleriniň agzasyna garşy oppozision lideriň öldürilmegi bilen bagly aýyplamany ýöňkändigini aýdýar.

Aklawçy Wadim Prohorow Çeçenistanyň Içeri işler ministrliginiň Sewer Batalýonunyň agzasy Ruslan Muhutdinowyň Nemtsowyň öldürilmegini gurnamakda gaýybana aýyplanandygyny 8-nji noýabrda habar berdi.

Prohorow Orsýetiň Merkezi derňew komitetiniň 6-njy noýabrda iş gozgandygyny aýtdy.

Kremliň açyk tankytçysy Boris Nemtsow 27-nji fewralda Moskwanyň merkezinde atylyp öldürildi.

XS
SM
MD
LG