Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus uçarynyň bomba sebäpli ýere gaçmagy ähtimal


Orsýetiň "A321" kysymly uçarynda heläk bolan ýolagçylaryň suratlary, St. Peterburg, 3-nji noýabr, 2015.
Orsýetiň "A321" kysymly uçarynda heläk bolan ýolagçylaryň suratlary, St. Peterburg, 3-nji noýabr, 2015.

Orsýetiň uçarynyň Müsürde heläkçilige uçramagy boýunça derňew geçirýän resmi muňa bombanyň sebäp bolmagynyň örän ähtimaldygyny aýtdy.

“A321” kysymly uçar 31-nji oktýabrda Şarm el-Şeýhden howa galmagyndan 23 minut geçensoň ýere gaçdy, jemi 224 adam, ähli ýolagçylar we ekipaž agzalary wepat boldy.

Sinaý ýarymadasynda hökümet güýçlerine garşy söweşýän “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileri uçary ýere gaçyrandygyny aýdýarlar.

“Subutnamalar we barlaglar, şeýle-de gara gapyrjagyň ýazan sesleri munuň bomba bolandygyny görkezýär”, diýip Müsüriň derňew toparynyň agzasy “biz munuň bomba bolandygyna 90% ygtybarly” diýip adynyň tutulmazlyk şerti bilen mälim etdi. Bu barada Reuters agentligi habar berdi.

ABŞ-nyň we Britaniýanyň resmileri aňtaw maglumatlaryna salgylanyp, Şarm el-Şeýhden Sankt Peterburga barýan uçaryň içinde bombanyň partlamagynyň netijesinde ýere gaçandygyny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG