Sepleriň elýeterliligi

BMG: Howada zäherli gazlar köpeldi


BMG howada zäherli bugly gazlaryň derejesiniň 2014-nji ýylda ýene ýokarlanyp, täze görkezijilere ýetendigini 9-njy noýabrda yglan edilmeginiň yzýany howanyň üýtgemegi boýunça çäre görmäge çagyrdy.

Dünýäniň Meteorologiýa guramasy (WMO) öz hasabatynda howanyň maýlamagynyň netijeleriniň 1990-njy ýyldan bäri 36% ýokarlanandygyny aýdýar we munuň esasy sebäpleriniň adam tarapyndan öndürilýän tehnogen gazlar bilen baglydygyny belleýär.

Howanyň maýlamagy bilen bagly soňky duýduryş Dünýä Banky tarapyndan edilipdi. Şonda, eger çäre görülmese, 2030-njy ýyla çenli 100 million adamyň garyplyga uçramagynyň ähtimaldygy aýdylypdy.

BMG-niň howanyň maýlamagy boýunça baş konferensiýasy 30-njy noýabr we 11-nji dekabr aralygynda Parižde geçiriler.

XS
SM
MD
LG