Sepleriň elýeterliligi

Eýran S.Arabystanyna protest bildirdi


Eýran Saud Arabystanynyň işleri ynanylan Tährandaky wekilini çagyryp Saud Arabystanynda üç eýranlynyň neşe gaçakçylygy bilen baglylykda jezalandyrylmagyna protest bildirdi.

Eýranyň döwlet mediasyna görä, Saud Arabystanyna uly möçberde bikanun meň daşamakda aýyplanan üç adam Dammam şäherinde 8-nji noýabrda jezalandyrylypdyr.

“Ýurtlar ikitaraplaýyn gatnaşyklara hormat goýup, şeýle jezalary ýerine ýetirmekden saklanýarlar we şeýle jezalaryň berjaý edilmeginiň gatnaşyklara pozitiw täsir ýetirmejegine düşünýärler” diýip Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Hassan Kaşkawi aýtdy.

Regional garşydaşlar Eýran we Saud Arabystany Yrakdaky we Siriýadaky krizisiň üstünde, şeýle-de şu ýylyň sentýabr aýynda haj zyýaratynyň dowamynda 465 adamyň ölümi bilen baglylykda gapma-garşylykly ýagdaýda galýarlar.

Geçen ýylda Saud Arabystany Hytaýdan we Eýrandan başga ýurtlaryň ählisinden has köp ölüm jezasyny ýerine ýetiripdi. Saud Arabystanynda ölüm jezasy adatça köpçüligiň öňünde jezalandyrylýan adamyň kellesini kesmek arkaly amala aşyrylýar.

XS
SM
MD
LG