Sepleriň elýeterliligi

Rus uçary ‘90%’ bomba sebäpli ýere gaçdy


Rus uçary ‘90%’ bomba sebäpli ýere gaçdy.

Rus uçary ‘90%’ bomba sebäpli ýere gaçdy.

Ors uçarynyň Müsürde ýere gaçmagy bilen baglanyşykly derňewlere gatnaşýan işgärleriň biri bu hadysanyň bomba sebäpli bolan bolmagy ähtimal diýdi.

31-nji oktýabrda uçar A321 turistik merkez Şarm al-Şeýhden ýola düşeninden 23 minut soň ýere gaçyp, içindäki 224 adam öldi. Sinaý ýarymadasynda Müsüriň howpsuzlyk güýçleri bilen söweşýän "Yslam döwleti" atly toparyň jeňçileri uçary özleriniň urup ýykandyklaryny aýtdylar.

"Gara gutuda ýazga geçirilen sesdäki alamatlar we analizler onuň bombadygyny görkezýär" diýip, Müsüriň derňeýji toparynyň agzasy aýtdy. Meseläniň irnikdigine salgylanyp, adynyň agzalmazlygyny haýyş eden derňew işgäri: "Biz onuň bombadygyna ýüzde togsan derejede ynanýarys" diýdi.

Aňtaw gulluklary

Onuň 8-nji noýabrda bu beýanaty "Reuters" habar gullugyna bermezinden bir gün öň müsürli bir derňeýji uçaryň howada bölek-bölek bolandygyny, soňky sekuntda bir sesiň gara gutuda ýazga geçirilendigini aýtsa-da, dergeýjileriň entek maglumat toplaýandygyny belläp, uçaryň gaçmagyna näme zadyň sebäp bolandygy barada maglumat bermekden saklanypdy.

Amerikan we britan resmileri aňtaw gulluklarynyň maglumatlaryna esaslanyp, Şarm al-Şeýhden Sankt-Peterburga barýan uçary onuň bortunda ýerleşdirilen bir bomba partlatdy diýen pikirden ugur aldylar.

Kongresiň aňtaw komitetiniň agzasy Adam Şiff 8-nji noýabrda telewideniýä beren interwýusynda, eger bu "Yslam döwletine" bagly toparlar tarapynda amala aşyrylan bomba partlamasy bolsa, onda bu onuň "dünýä abanýan çynlakaý terroristik howp hökmünde ”Al-Kaýdadan” ozdurandygyny" aňladýar diýdi.

Howpsuzlyk ýagdaýlary

Orsýet 6-njy noýabrda, Beýik Britaniýanyň we Irlandiýanyň Şarm al-Şeýh barada edişi ýaly, özüniň Müsüre uçar gatnawyny tutuşlygyna togtadýandygyny bildirdi. Günbatar Ýewropanyň hem azyndan 5-6 döwleti öz raýatlaryna Şarm al-Şeýhe gitmezligi maslahat berdiler.

Häzir Müsürdäki ors raýatlarynyň sany 80 müň töweregi diýip çaklanylýar. Bularyň aglabasy Şarm al-Şeýhde. Müsürden yzyna dolanyp bilmän oturan britaniýalylaryň sany bolsa 170 müňe golaý.

"AP" habar gullugynyň bildirmegine görä, howpsuzlyk işgärleri Şarm al-Şeýhiň uçar meýdanynda howpsuzlyk ýagdaýlary gowy däl diýip, ozaldan nägilelik bildirip gelipdirler.

Bu aralykda Sankt-Peterburgyň St. Isaak atly baş ybadathanasynda uçar heläkçiliginde gurban bolanlaryň hatyrasyna köpçülikleýin ybadat çäreleri geçirildi.

Ululykda dünýäde dördünji bolan ybadathananyň ýas jaňy ölenleriň her biri üçin bir gezek ýaňlanyp, 224 gezek gaýtalandy.

Heläkçilikde ölenleriň aglabasy Sankt-Peterburgly ýa-da Orsýetiň beýleki demirgazyk-günbatar etraplarynyň ýaşaýjylarydy.

XS
SM
MD
LG