Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Astronawt bolmagy arzuw edýänlere NASA-dan teklip


Astronawt bolmagy arzuw edýänlere NASA-dan teklip.
Astronawt bolmagy arzuw edýänlere NASA-dan teklip.

Sizem çagakaňyz kosmonawt bolmagy arzuw edipdiňizmi? Soň hakykat ýüzünde astronawt bolmagy pikir etdiňizmi? Belki munuň üçin edil häzir bir pusat dörän bolmagy ahmal. Sebäbi NASA astronawt bolmak isleýänleri işe çagyrýar.

"Amerikanyň kosmos barlagçylarynyň bu täze nesli... bize Marsda yz galdyrmagymyza kömek ederler" diýip, NASA-nyň resmisi Çarles Bolden aýdýar.

Elbetde, astronawt bolmak aňsat iş däl. Ol iş diňe bir tutuş Ýer ýüzünde däl, eýse Gün ulgamyndaky iň agyr hem howply işleriň biridir. "Armageddon" filmi size muny nähili görkezýän bolsa görkezibersin, bu iş her bir adamynyň hötdesinden gelip biljek wezipesi däl. Munuň üçin adatdan daşary ýagdaýda ukyplydygyňyzy hem kosmosda bir ýyl galyp biljek ýagdaýda sagdyndygyňyzy subut etmegiňiz gerek.

Saýlanyp alnan uçurymlar Halkara kosmos düşelgesinde alty aýdan on iki aýa çenli dowam etjek uzak möhletli tabşyryga gatnaşmak ýa-da Aýyň orbitasynda tejribe edinmek üçin NASA-nyň Orion emeli hemrasynda wezipe alyp bilerler.

Astronawt bolmagyň şertleriniň gaty ýokary derejede tutulýandygy üçin aslynda talaplary kanagatlandyryp biljek adamlaram muňa dyrjaşmakdan çekinýärler. Köpçülige ýaýran adaty garaýyşda öňe sürlüşi ýaly astronawt bolmak üçin uçarman ýa-da ýokary harby bilimli hünärmen bolmagyň geregi ýok. NASA, astronawt bolmak isleýän geljekki uçurumlary mugallymlardan alymlara, hekimlerden hünärmenlere çenli her hili kärdäki dalaşgärleriň arasyndan gözleýär. Bu bolsa geljekdäki astronawtlaryň durmuşa geçirjek tabşyryklarynyň köptaraply boljagyna güwä geçýär.

Uçurymlardan edilýän talaplar...

Uçurymlar şol bir wagtyň özünde adaty şertleriň ýanyndan ýene-de birnäçe talaby kanagatlandyrmalydyrlar. Diňe meňzeş kärde üç ýyl iş tejribesi bolan, şeýle-de söwda ýa-da harby uçarlarda müň sagatlyk uçuş tejribesi bolan adamlar astronawt bolmak üçin ýüz tutup bilerler.

"Meňzeş kär" diýlende, kesgitlenen käbir ugurlar göz öňünde tutulýar. Meselem, 2009-njy we 2013-nji ýyllaryň arasynda saýlanyp alnan astronawtlaryň käri okeanologiýa, medisina, inženerlik bilen bir hatarda, elbetde, harby ugurlardan kämilleşen hünärmenler bolupdyr.

Uçurymlar üçin belli bir ýaş şerti kesgitlenmändir. Häzir gözlenýän uçurymlaryň ortaça ýaşy 34 ýaş. NASA-nyň mundan owal gözleýän uçurymlarynyň ýaş çäklendirmesi bolsa 26 bilen 46 ýaşyň arasynda bolupdyr.

Astronawt bolmak mümkinçiliginden peýdalanyp bilenlere NASA aýlyk hem berýär. Häzirki wagtda astronawtlaryň bir ýylda alýan aýlyklary 66026 Amerikan dollaryndan 144566 amerikan dollaryna çenli aralykdadyr.

XS
SM
MD
LG