Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkiýede 38 daşary ýurtly tussag edildi


Türkiýäniň habar serişdeleri Adana regionynda 38 daşary ýurtlynyň, şol sanda aýallaryň we çagalaryň “Yslam döwleti” söweşiji toparyna goşulmak maksatly Siriýa bikanun geçmekde guman edilip tussag edilendiklerini habar berdiler.

Maglumatda tussag edilen 14 adamyň Azerbaýjanyň raýatlarydygy aýdyldy. Galanlar indoneziýaly, yrakly, eýranly, owganystanly, gyrgyzystanly we täjigistanly diýlip habar berildi.

Türkiýäniň iki raýaty adam gaçakçylygy bilen bagly aýyplamalar esasynda tussag edildi.

Orsýetiň Baş prokurory Ýuriý Çaýkanyň 10-njy noýabrda Soçide aýtmagyna görä, Siriýada we Yrakda “Yslam döwleti” toparynyň düzüminde 100 ýurduň, şol sanda Orsýetiň we öňki sowet respublikalaryň raýaty söweşýär.

XS
SM
MD
LG