Sepleriň elýeterliligi

Moskwa: Metro işgärlerine iş kesildi


Metrodaky heläkçilikde günälenýänler sud jaýynda, Moskwa, 9-njy noýabr, 2015

Metrodaky heläkçilikde günälenýänler sud jaýynda, Moskwa, 9-njy noýabr, 2015

Moskwanyň sudy şäheriň metrosynda 2014-nji ýylda 20 çemesi adamyň ölümine sebäp bolan heläkçilikli waka bilen baglylykda Metropoliten sistemasynyň dört işgärini howpsuzlyk düzgünleri bozmakda günäli tapdy.

Metro sistemasynyň tehniki işgäri Ýuriý Gordow 9-njy noýabrda alty ýyl türme tussaglygyna, ýene iki işgär, şeýle-de Metropolitendäki bejergi işlere jogapkär döwlet şirketiniň müdiriniň orunbasary baş ýarym ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

2014-nji ýylyň 15-nji iýulynda Slawýanskiý Bulwar we Park Pobedy atly metro stansiýalarynyň arasynda otlynyň üç wagony ýoldan çykyp, 24 adamyň heläk bolmagyna sebäp bolupdy. Bu hadysa 1935-nji ýyldan bäri işleýän Moskwanyň metrosynyň taryhynda iň heläkçilikli tehnogen betbagtçylygy boldy.

XS
SM
MD
LG