Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: 100 adam ýumrulan binadan halas edildi


Pakistanda ýumrulan kärhananyň harabalyklaryndan adamlary halas etmek boýunça çäreler 10-njy noýabrda tamamlandy. Diri galan 100 çemesi adam halas edildi, ölenleriň sany 45 adama ýetdi.

Pakistanyň gündogar şäheri Lahoryň golaýynda ýerleşýän plastik öndürýän kärhana 4-nji noýabrda ýumruldy. Resmiler muňa Pakistanda we Owganystanda oktýabrda bolan güýçli ýer titremede bina zyýan ýetmeginiň sebäp bolmagynyň ähtimaldygyny aýdýarlar.

Halas ediş gullugynyň ýolbaşçysy Arşad Zia häkimiýetleriň “harabalykda başga hiç kim galmady” diýip hasap edýändiklerini aýtdy.

Adamlary halas etmek boýunça işlere Punjap welaýatyndan, paýtagt Yslamabatdan we ýaragly güýçlerden 1000 çemesi adam gatnaşdy.

6-njy noýabrda halas edijiler 50 sagatlap ýumrulan binada diri galan ýetginjegi tapdylar.

XS
SM
MD
LG