Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýew: Iki orsýetli sud edilýär


Aleksandr Aleksandrow (s) we Ýewgeniý Ýerofeýew (ç)
Aleksandr Aleksandrow (s) we Ýewgeniý Ýerofeýew (ç)

Gündogar Ukrainada Orsýetiň ýaragly güýçleriniň esgerleri bolmakda güman edilip hökümet güýçleri tarapyndan tussag edilen iki adam Kiýewde sud edilýär.

Kiýewiň Holosiiw etrap sudy 10-njy noýabrda Aleksandr Aleksandrowa we Ýewgeniý Ýerofeýewe garşy gozgalan iş boýunça diňlenişige başlady. Bu iki adam terrorçylykda we Ukraina garşy hereketlere baş goşmakda aýyplanýarlar.

Ukrainanyň gündogarynda 16-njy maýda tussag edilen Aleksandrow we Ýerofeýew aýyplamalary ret edýärler. Olar tussag bolan gününiň yzýany görkezilen wideoda ýesir düşen pursadynda özleriniň Orsýetiň harbylary hökmünde gulluk borjuny ýerine ýetirendiklerini aýdypdy.

Moskwa Ýerofeýewiň we Aleksandrowyň ýesir düşen wagtynda harby gullukda bolmandyklaryny aýdýar.

Orsýet Ukrainadaky orsýetçi separatistleri ýarag we harbylar bilen goldaýandygy barada Kiýew we Günbatar tarapyndan edilýän aýyplamalary ret edýär.

Gündogar Ukrainadaky konflikt zerarly 2014-nji ýylyň aprel aýyndan bäri 7900-den gowrak adam wepat boldy.

XS
SM
MD
LG