Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: Ulaglary ynanmak düzgüni üýtgeýär


Türkmenistanda awtoulag eýeleriniň öz ulaglaryny sürmek üçin ynam hatyny diňe ýakyn garyndaşlaryna bermegini göz öňünde tutýan täze düzgün girizildi.

Türkmenistanyň “Notariat we notarial işler” boýunça kanunyna goşmaça girizmek hakynda 24-nji oktýabrda gol çekilen kanunda “ýeňil, ýük ulaglaryny, awtobuslary, mikroawtobuslary sürmäge we ulanmaga hukuk berýän ynam hatlary olaryň eýeleri tarapyndan diňe öz ýakyn garyndaşlaryna başgalara ynanmaga hukuk bermezden” düzülip bilner diýilýär.

Täze düzgün 2016-njy ýylyň başynda güýje girýär.

XS
SM
MD
LG