Sepleriň elýeterliligi

Kreml dopinge degişli aýyplamalary ret etdi


Kremliň metbugat-wekili Dmitriý Peskow

Kremliň metbugat-wekili Dmitriý Peskow

Kreml orsýetli sportsmenleriň gadagan edilen dermanlary yzygiderli ulamagynyň döwlet tarapyndan goldanýandygy barada Dopinge garşy bütindünýä agentliginiň (WADA) öňe süren çaklamalaryny ret etdi we olary esassyz diýip atlandyrdy.

Kremliň metbugat-wekili Dmitriý Peskow 10-njy noýabrda eden çykyşynda: “birnäçe subutnama berilýänçä ... bu aýyplamalary kabul etmek kyn, olar esassyz” diýdi.

10-njy noýabrda Orsýetiň Sport ministrligi öz tarapyndan “islendik” bidüzgünçilikleri aradan aýyrmak ugrunda Dopinge garşy bütindünýä agentligi bilen ýakyndan işleşmäge taýýardygyny aýtdy.

Munuň öňüsyrasynda dopinge garşy komissiýanyň hasabatynda Orsýetde ençeme ýylyň dowamynda düzgünleriň yzygiderli bozulýandygy, şol sanda Orsýetiň laboratoriýalarynda subutnamalaryň ýok edilmegi, parahorluk, galplyk ýaly ýagdaýlaryň ýüze çykýandygy barada habar berildi.

335 sahypalyk hasabatyň awtorlaryndan Dik Pound Atletika federasiýasynyň halkara bileleşigini Orsýetiň sportsmenlerini halkara ýaryşlaryna, şol sanda 2016-njy ýylyň Rioda boljak Olimpiýa oýunlaryna gatnaşdyrmazlyga çagyrdy.

XS
SM
MD
LG