Sepleriň elýeterliligi

"Prawoslaw interneti" nähili bolar?


"Prawoslaw interneti" nähili bolar?

"Prawoslaw interneti" nähili bolar?

"The Foreign Policy" žurnaly 2015-nji ýylyň 9-njy noýabrynda çap eden makalasynda, Siriýanyň Balkanlardan sapak almaly köp ugrunyň bardygyny nygtap, Türkiýede bolsa 2019-njy ýylda boljak umumy saýlawlara çenli oppozisiýanyň alyp barýan işleri barada maglumat berjek telekanalyň galjagynyň gümanadygyna ünsi çekipdir.

Russiýanyň Prawoslaw buthanasynyň maglumatyna görä, buthanalaryň golaýynda we Moskwanyň töwereginde köpçülik ýerlerinde ahlaksyz materiallardan saplanan, mugt "Prawoslaw internet" hyzmaty hödürlener.

Türkiýäniň metbugat serişdeleri.

Türkiýäniň metbugat serişdeleri.

Ruhany Roman Bogdasarow ”Izwestiýa” gazetine beren interwýusynda şu wagt Internet ulanýanlar üçin gaty köp howply materiallaryň bardygyny aýratyn tekrarlaýar. Ol bu howplara hristian we "YD" toparynyň dini propagandalary bilen bir hatarda pornografiýa, "taryhyň ýoýulan görnüşi" ýaly materiallaryň hem degişlidigini aýdýar.

Bogdasarowyň aýtmagyna görä, prawoslaw internetde diňe dini temaly sahypalar bolman, eýse "adamzadyň ählumumy gymmatlyklary, edep-ekram, adaty ahlak, watansöýerlik, maşgala we çagalaryň goralmagy" ýaly ugurlary ündeýän filmler hem görkeziler.

"Internetdäki materiallary çäklendirmegi göz öňünde tutmaýarys. Diňe adamlary ýoldan çykarýan her hili zyýanly materiallary ulgamdan bozarys" diýip, Bogdasarow aýdýar.

Internedi ulanjak adamlar ol ulgamda gomoseksuallyk barasynda hem hiç hili material tapyp bilmezler.

"The Guardian" gazetiniň ýazmagyna görä, prezident Wladimir Putiniň häkimýetiniň dördünji döwri milli adatlara ymtylyş we Internet babatdaky düzgünleriň hem has zabunlaşmagy bilen häsiýetlenýär.

Hemme kartlar Erdoganyň elindedir

"Türkiýäniň hökümeti kürtler bilen dawany hasam möwjetdi. Onuň yz ýanyndanam asudalygy dikeltjekdigini wada berdi. Şeýdibem saýlawlarda ýeňiş gazandy".

"The Economist" gazetiniň ýazmagyna görä, optimistler Türkiýede ”Adalat we galkynyş partiýasynyň” saýlawda üstünlik gazanmagyndan soň prezident Rejep Taýyp Erdoganyň täze sahypa açmagyny umyt edýärler. Saýlawdan owal garaşsyz metbugata we ýaragly kürt toparlaryna garşy hüjüme geçen AKP partiýasy özüniň bu syýasatyndan el çekip, kürtler bilen yaraşyk tagallalaryna başlap bilerdi. Ýöne garaşylanyň tersine boldy. Saýlawdan bir gün geçensoň çepçi "Nokta" žurnalynyň merkezi basylyp alyndy we redaktorlary hem tussag edildi.

Dindar Fethullah Gülene hyzmat edýändigi güman edilýänler tutulýarlar

Hökümetiň tarapdarlarynyň metbugatda edýän çykyşlaryna görä, mundan beýläk ýene köpsanly metbugat organyna garşy şeýle çäre görlüp bilner.

Türkiýäniň Galatasaraý uniwersitetiniň media hünärmeni Jeren Sözeriniň aýtmagyna görä: "Hökümet metbugata garşy hüjümini dowam etdirse, onda 2019-njy ýylda geçiriljek nobatdaky umumy saýlawlara çenli ýurtda oppozision partiýalaryň alyp barýan işleri barasynda maglumat berýän ýekeje-de telekanal galman biler".

AKP partiýasynyň ýurtda häkimýeti ýene dört ýyl elinde saklajakdygyna ünsi çekýän käbir metbugat organlary indi, öz bizneslerine zyýan ýetmezligi üçin, syýasata görä hereket etmäge çalyşýarlar. Oppozisiýanyň çykyşlaryna bolsa indi has köp olaryň sosal ulgamlardaky ýa-da internetdäki habar sahypalarynda orun berilýär. Hökümetiň "terror beýannamasy" babatda şübheli diýip aýyplaýan ”Dogan Holding” atly firmasynyň gymmatly kagyzlarynyň bahasy hem saýlawdan soň ýüzden 15 göterim pese gaçdy.

"The Economist" gazetiniň ýazmagyna görä, Türkiýede hökümetdäki partiýanyň kürt meselesindäki tutumy hem o diýen aýyl-saýyl däl ýaly. Ol ýaraşyk tagallalaryny gaýtadan dowam etjekdigini bildirýär. PKK ýaragly toparynyň jeňçileriniň Türkiýeden gitmegini we hüjümlerini bes etmegini talap edýär. Şol bir wagtyň özünde hem hökümet Yragyň demirgazygyndaky PKK-a degişli berkitmeleri bombalamagy dowam edýär.

Beýleki tarapdan AKP partiýasynyň resmileri Erdoganyň prezidentlik ygtyýarlygynyň çäginiň hasam giňeldilmegi barasynda esasy kanuna käbir üýtgeşmeleriň girizilmegi meselesini hem geňeşmäge başlapdyrlar.

Makalada nygtalmagyna görä, Erdoganyň öz täsirini artdyrmagyndan soň Türkiýe hem edil Russiýa, Wenesuela we beýleki liberal bolmadyk demokratik dolandyrylyşlara meňzäp başlaýar. Güýçli lider diňe bir döwlet guramadyr-edaralarynyň ählisini özüne tabyn etmän, eýse gowşak we agzala oppozisiýa hem islän täsirini ýetirip bilýär. Ýewropa bilen ABŞ, Ankarany žurnalistleri gynamazlyga çagyrdylar.

"Yslam döwleti” toparyna garşy göreşde Türkiýe Amerika üçin örän wajyp ähmiýete eýe. Ynha, şonuň üçinem ähli güýçli kartlar jenap Erdoganyň elinde. Söweşiň ýaýbaňlandyrylmagyna, etniki agzalalygyň öjükdirilmegine, metbugat azatlygynyň çäklendirilmegine sebäp bolan saýlaw kampaniýasynyň netijeleri göze görnüp dur: bu taktika olara bähbitli boldy".

Siriýa üçin Balkan sapagy

Siriýa.

Siriýa.

"Bir wagtlar emeli serhetleriň çäginde bir ýurt döredilipdi. Onda awtoritar režim zalymlyk bilen höküm sürýärdi. Totalitar dolandyryşyň ähli tilsimleri soňuna çenli durmuşa geçirilýärdi. Ahyrynda şol ýurt dini hem etniki agzalalyk sebäpli dargady. Halkara köpçüliginiň (gowşak) tagallalaryna gulak asylman, birnäçe günüň dowamynda 8 müň adam gyryldy. Soňam ýüz müňlerçe adam öldürildi. Millionlarça adam öýsüz-öwzarsyz galdy. Bu göýä häzirki Siriýany ýatladýar. Şeýle wakalaryň ählisi 1990-njy ýyllarda Balkanlarda bolup geçdi".

"The Foreign Policy" žurnalynyň ýazmagyna görä, Siriýaniň Balkanlardan sapak almaly köp ugry bar. Owal başda bu ýagdaýyň onlarça ýyllap dowam etjekdigini ýatdan çykarmaly däldiris. Ýugoslawiýanyň külünden birnäçe kiçijik döwletler emele geldi. Siriýada hem, ynha, şeýle derejä ýetilip gelinýär. Ol ýurtda hem edil Yrakda bolşy ýaly, bir federatiw döwlet gurluşy döredilip bilner. Siriýada ýeke-täk gün tertibi bolmaz. Sebäbi ol ýerde her ýurt öz bähbidini araýar we olar eýdip-beýdip öz maksatlaryny amala aşyrmaga synanyşýarlar. Şonuň üçinem her kim özüne has köp paý almaga dyrjaşýar.

"Hatda häkimiýeti paýlaşmak barasyndaky razylygyň bir tarapynda Assad galmaly bolaýanda hem, amerikanlar bilen olaryň ýaranlary adamzat tragediýasynyň öňüni almak üçin, şeýle pikire garşy çykman bilerler. Serbiýanyň diktatory Slobodan Miloşewiçiň öňe süren talabyny ýada salyň. Ýöne ol hem iň soňunda Gaagada Halakara sudunyň öňünde jogap bermeli boldy".

XS
SM
MD
LG