Sepleriň elýeterliligi

Kabul: 'Talybana' garşy protest geçirildi


Protest çykyşy, Kabul, 11-nji noýabr, 2015

Protest çykyşy, Kabul, 11-nji noýabr, 2015

Müňlerçe owganystanly 11-nji noýabrda Kabulda ýöriş geçirip, etnik hazaralaryň “Talyban” tarapyndan öldürilendigi aýdylýan waka protest bildirdiler.

Köpüsi etnik hazaralardan ybarat protestçiler ýedi pidanyň tabydyny göterip, hökümeti ýurtda howpsuzlygy üpjün etmäge çagyrdylar.

Şeýle-de protestçiler pidalaryň suratlaryny göterip çykdylar we “Talybana ölüm” diýen şygarlary öňe sürdüler hem prezident Aşraf Ghaniniň we ýerine ýetiriji ýolbaşçy Abdylla Abdyllanyň wezipeden çekilmegini talap etdiler.

7-nji noýabrda Zabul welaýatynda dört erkek adamyň, iki zenanyň we bir çaganyň kellesi kesilen jesetleri tapyldy. Olar Ghazni welaýatynda mundan alty aý öň ogurlanypdy.

XS
SM
MD
LG