Sepleriň elýeterliligi

Srebrenisa: Wuçiç pidalary hatyralady


Srebrenisanyň golaýynda gecirilen matam çäresi, Potokari ýadygärlik merkezi, 11-nji noýabr, 2015

Srebrenisanyň golaýynda gecirilen matam çäresi, Potokari ýadygärlik merkezi, 11-nji noýabr, 2015

11-nji noýabrda Serbiýanyň premýer-ministri Aleksandar Wuçiç Srebrenisada 1995-nji ýylyň gyrgynçylygynyň musulman pidalarynyň hatyrasyna matam tutdy.
Dört aý mundan ozal Wuçiç märeke tarapyndan daşlanyp, şäheri terk etmäge mejbur bolupdy.

Öň aşa-milletçi bolan ýewropaçy syýasatçy Wuçiç Srebrenisada şäheriň musulman häkiminiň we Bosniýanyň musulman lideriniň gatnaşmagynda pidalaryň ýadygärligine ak gül goýdy.

8000 müň çemesi musulman erkek adam we oglan Bosniýanyň serb goşunlary tarapyndan 1995-nji ýylda Srebrenisada gyrylypdy. Bosniýanyň 1992-nji 1995-nji ýyllardaky urşunyň aýagynda bolan bu waka Ikinji Jahan urşundan soňky döwürde Ýewropada ýüze çykan iň aýylganç ýagdaý bolupdy.

XS
SM
MD
LG