Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan: 'LiveJournal' işini dikeldýär


“LiveJournal” sosial ulgamynyň Gazagystanda öz işini dowam etdirmegine rugsat berildi. Dört ýyl mundan ozal bu sosial ulgamy terrorçylykly we ekstremistik maglumatlaryň çap edilmegi üçin mümkinçilik döretmekde güman edilip, resmi taýdan gadagan edilipdi.

Gazagystanyň Maýa goýumlar we ösüş ministrliginiň 11-nji noýabrda yglan etmegine görä, sosial ulgamyň eýeleri sorag astyna düşen ähli maglumatlary ýok edensoň, saýtyň işini dikeltmäge rugsat alypdyr.

2011-nji ýylyň 20-nji awgustynda Astananyň sudy “LiveJournal” sosial ulgamynda “terrorçylygy we ekstremizmi wagyz edýär” maglumatlaryň çap edilýändigini aýdyp, onuň Gazagystanda işini togtatmak barada kararyny yglan edipdi.

1999-njy ýylda ABŞ-da döredilen “LiveJournal” sosial ulgamy Orsýetiň SUP Media kompaniýasynyň eline geçipdi.

XS
SM
MD
LG