Sepleriň elýeterliligi

"Çagalar çärelere henizem gatnaşdyrylýar"


10-njy noýabrda Aşgabat şäherini ösdürmegiň 13-nji tapgyrynyň çäklerinde gurlan köpsanly desgalaryň açylyş dabaralary boldy. Bu dabara prezident G.Berdimuhamedow we ýokary derejeli hökümet resmileri bilen bir hatarda çagalar baglarynyň çagalary we mekdep okuwçylary hem gatnaşdy.

Şol bir wagtda ýakynda Aşgabatda geçirilýän köpçülikleýin çärelere käbir mekdepleriň okuwçylaryny gatnaşdyrylmagyň ýatyrylandygy barada gürrüňler hem peýda bolupdy.

Eýse, bu ýagdaý çagalaryň köpçülikleýin çärelere gatnaşdyrylmagy heniz hem dowam edýär diýmegi aňladýarmy?

Azatlyk Radiosy bu sorag bilen gyzyklanyp, Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa bilen söhbetdeş boldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG