Sepleriň elýeterliligi

Şahyryň ölümi şübheliligine galýar


Pablo Neruda, 21-nji oktýabr, 1971 ý.

Pablo Neruda, 21-nji oktýabr, 1971 ý.

Çiliniň hökümeti, 40 ýyllap enkär edeninden soň, Nobel baýragyna mynasyp bolan şahyr Pablo Nerudanyň 1973-nji ýylda general Awgusto Pinoçeti häkimiýet başyna getiren döwlet agdarylyşygyndan soň öldürilen bolmagynyň mümkindigini boýun aldy.

AP-niň Santiagodan ýazmagyna görä, Çiliniň Içeri işler ministrligi geçen penşenbede, metbugatda Nerudanyň düwnük keselinden ölmedik bolmagynyň ähtimaldygy barada çap edilýän habarlaryň arasynda bir beýanat çap etdi. Ol beýanatda ministrligiň şu ýylyň mart aýynda Ispaniýanyň "El Pais" gazetinde çap edilen dokumenti tassyk edilýär.

"Nerudanyň ölümine üçünji bir tarapyň jogapkär bolan bolmagy gaty mümkin we örän ähtimal" - diýip, ol dokumentde aýdylýar.

Emma muňa garamazdan, ministrlik ekspertler toparynyň entek derňewi dowam etrdirýändigini we diýseň uly jedel döreden temada belli bir netijä gelip bilmändiklerini duýdurdy.

Neruda özüniň söýgi hakyndaky goşgulary bilen meşhur bolupdy. Ýöne ol çepçi syýasatçy we diplomat, şol bir wagtda-da 1973-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Pinoçet tarapyndan ýolbaşçylyk edilen döwlet agdarylyşygy mahalynda goşuna tabyn bolanyndan ölenini ibaly gören marksist prezident Salwador Allýendäniň ýakyn dostudy.

69 ýaşyndaky Neruda prostata düwnüginden, şeýle-de döwlet agdarylyşygy esasynda öz dostlarynyň ýanalmagyndan we öldürilmeginden ejir çekýärdi. Netijede ol daşary ýurda sürgünlige gitmegi ýüregine düwýär, sebäbi ol şeýtse ýurt daşynda diktatura garşy täsirli bir sese öwrülip biljekdi.

Emma onuň ýola düşmeginiň bir gün öňünden şahyry "Tiz kömek" maşynynda Santiagodaky Santa Maria hassahanasyna alyp gidýärler. Ol ýerde şahyryň düwnük we beýleki kesellerini bejerýärler.

Resmi maglumata görä Neruda 23-nji sentýabrda, öz ajalyna ölýär. Emma onuň ölüminde diktaturanyň eliniň bolan bolmagynyň ahmaldygy baradaky şübheler Çili 1990-njy ýylda demokratiýa dolananyndan soň hem uzak wagt saklanyp galdy.

Netijede, 2013-nji ýylda Nerudanyň jesedi gazylyp çykaryldy we barlagdan geçirildi. Emma geçirilen barlaglar onuň jesedinde zäherlenme alamatlarynyň ýokdugyny görkezdi. Ýöne muňa garamazdan, şahyryň maşgalasy we sürüjisi bu netije bilen kanagatlanmady hem-de derňewi dowam etdirmegi talap etdi.

Azatlyk radiosy okyjylaryna meşhur şahyryň bir goşgusynyň terjimesini sowgat etmegi makul bildi.

Ýönekeý hakykat

Kuwwat sessiz bolar (diýdi agaçlar),

(kökler aýtdy) bolşy ýaly çuňlugyň,

edil päklik ýaly (pyşyrdady un).

Hiç bir agaç maňa diýmedi asla:

"Agaçlaryň iň uzyny, beýgi men."

Ýa diýmedi eger-eger hiç bir kök:

"Men aşakdan, çuňdan gelýän hemmeden."

Çörek bolsa hiç döşüne kakmady:

"Çörek ýaly zat ýok - diýip - dünýede."

XS
SM
MD
LG