Sepleriň elýeterliligi

Mejbury bosgunlygyň hupbatlary


Ata we ogul.

Ata we ogul.

Owganystanda uzaga çeken uruş ýagdaýy ol ýurtda ýaşaýan etniki türkmenleri ilki goňşy Pakistan bolmak bilen, dürli ýurtlara göçmäge mejbur etdi.

Olaryň arasynda Owganystandan Pakistana geçip, soň ol ýerdenem bikanun ýagdaýda Eýranyň üsti bilen Türkiýä gelýänleri hem bar.

Eýse, olar ýolda nähili ýagdaýlary başdan geçirýärler? Türkiýä aşmak olaryň ähli problemalaryny çözýärmi? Türkiýä bikanun ýagdaýda göçüp gelen türkmenler ol ýerde nähili kynçylyklara duçar bolýarlar?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanynda, ynha şu temalaryň töwereginde aýlanmakçy.

Bu tema barada maglumaty, tejribesi ýa-da pikir-garaýşy bolan diňleýjilerimiz hat@azatradio.org ýa-da metbugat@gmail.com elektronik hat salgylarynyň üsti bilen aragatnaşyga geçip, gepleşige öz goşandyny goşup bilerler. Şeýle-de aşakdaky foruma tema babatdaky teswirleriňizi hem ýazyp bilersiňiz.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG