Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şoiranyň jesedi "äňi döwlüp, aýagy gaňrylan" ýagdaýda hossarlaryna berildi


Şoira Jobirowa.
Şoira Jobirowa.

11-nji noýabrda Täjigistandaky 201-nji ors harby bazasynyň territoriýasyndan Şoira Jobirowa atly ýaş gyzyň jesedi tapyldy. Hukuk goraýjy organlar ony ors harbysy Iwan Şerbakowyň öldürendigini güman edýärler. Jeset soň hossarlaryna berildi.

Şoira Jobirowa 22 ýaşynda, özi-de Duşenbäniň ýaşaýjysy. Jeset saklanýan ýeriň işgärleri Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda, Şoiranyň äňiniň döwlendigini hem endamynyň ýenjilmekden gök-ala bolandygyny aýdyp berdiler.

"Gözüniň aşagy gögeripdir. Bir aýagam gaty erbet gaňrylypdyr" diýip, olar gürrüň berýärler.

Şoiranyň hossarlary onuň jesedini Täjigistanyň Goranmak ministrliginiň 46-njy mikroraýondaky keselhanasynyň jaýyndan baryp alypdyrlar. Hossarlarynyň gürrüň bermegine görä, Şoira 5-nji noýabrda agşam öýden çykyp, soňra gaýdyp yzyna dolanmandyr. Hossarlary onuň öldürilendigini Sino etrabynyň içeri işler bölümine ýüz tutanlarynda bilip galypdyrlar.

Täjik hökümeti

10-njy noýabrda Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojodin Aslow, Orsýetiň Täjigistandaky adatdan daşary hem doly ygtyýarly baş ilçisi Igor Lýakini çagyryp, Duşenbedäki ors harby bazasynda Täjigistanyň raýaty Şoira Jobirowanyň zorluk bilen öldürilenliginiň üstüni açmakda zerur tagallanyň edilmegini isläpdir. Täjigistanyň içerki syýasat barasyndaky organynyň resmi internet sahypasynda berlen habara görä, duşuşykda baş ilçä bolan wakanyň doganlyk gatnaşygyň ruhuna hem iki ýurduň strategiki hyzmatdaşlygyna gabat gelmeýändigine aýratyn üns çekilipdir.

Habarda şeýle-de şol duşuşykda ors ilçisine Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň adyndan nota berlendigi mälim edilipdir. Aýdylyşyna görä, notada şeýle diýilýär: "Täjigistan, Russiýadan bolan waka obýektiw baha bermegini we Täjigistandaky ors harby bazalarynda harbylaryň gatnaşmagynda şeýle ýagdaýyň indi gaýdyp gaýtalanmazlygy babatda berk çäreleriň görülmegini talap edýär".

201-nji ors harby bazasynda işleýän bir ors harbysy täjik gyzy Şoira Jobirowany öldürenlikde güman edilip, tussag edildi. Şoira Jobirowanyň hossarlary Iwan Şerbakowyň 22 ýaşyndaky duşenbeli gyzy zorlap, oňa erbet zulum edip, soňra-da ony öldürip, jesedini zir-zibil atylýan konteýnere zyňandygyny aýdýarlar.

Jobirowanyň dogan-garyndaşlary

Şoira Jobirowanyň erkek dogany Bobo Jobirow bolsa Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda 201-nji ors harby bazasynda işleýän bir harbynyň 22 ýaşyndaky gyz jigisini öldürenden soň harby bazanyň golaýyndaky zir-zibil taşlanýan konteýnere zyňandygyny gürrüň berýär. Ol 10-njy noýabrda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda derňew toparynyň gyz jigisiniň jesedini hossarlaryna henizem bermändigini aýan edipdi. Bobonyň aýtmagyna görä, gyz jigisi Şoira paýtagtyň 102-nji mikroraýonynda kireýine tutulan otagda ýarawsyz kakasy bilen bile ýaşaýan ekeni.

Öldürilen gyzyň ejesi Idigul Azimowa Şoirany 201-nji ors harby bazasynyň umumy ýaşaýyş jaýyna äkiden taksi sürüjisiniň özüne "Taksi bilen baran mahalymyz Şoirany harby bazada işleýän dört sany ors harbysy garşy aldy we ony umumy ýaşaýyş jaýyna alyp gitdiler" diýen maglumaty berendigini belleýär. Idigul Azimowa sözleriniň üstüni şeýle ýetirýär: "Diňe giýewimize Şoiranyň jesedini baryp görmäge rugsat berildi. Giýewimiz baran badyna onuň jesedini görüp, tanapdyr. Giýewimiz gyzymyň jesedine sereden mahaly onuň gözüniň aşagynda ullakan gara tegmiliň bardygyny görüpdir".

Hukuk goraýjy organlar

Täjigistanyň hukuk goraýjy organlary täjik gyzyny 201-nji ors harby bazasynda işleýän bir harbynyň öldürendigini güman edip, ony tussag astyna alandygyny habar berýär.

Berlen maglumata görä, Şoira Jobirowanyň öldürilmegine gatnaşandygy güman edilýän uly leýtenant Şerbakow Iwan Ýurýewiç 9-njy noýabrda tussag edilipdir we derrew onuň bilen baglanyşykly jenaýat işi gozagalypdyr. Jenaýat baradaky barlag işiniň dowam edýändigi hem mälim edilipdir.

Paýtagt Duşenbäniň Sino-1 atly içeri işler edarasynyň barlag bölüminiň wekili 10-njy noýabrda Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda "Ors harbysynyň ol gyzy harby bazanyň "Giprozem" atly mikroraýondaky umumy ýaşaýyş jaýyna çagyryp, entek anyklanmadyk bir sebäpden ony öldürendigini" aýdýar.

Sino-1 atly içeri işler edarasynda berlen maglumata görä, jenaýat 5-nji noýabrda ors harby bazasynyň çäginde bolupdyr, ýöne onuň üsti 9-njy noýabrda, haçan-da Jobirowanyň hossarlarynyň gyzyň ýitendigi barasynda hukuk goraýjy organlara ýüz tutandan soň açylypdyr.

Çeşme öz maglumatynda, gaýtadan edilen soragda uly leýtenant Iwan Şerbakowyň "aşa içgili ýagdaýda bolandygy sebäpli, nämeleriň bolandygyny bilmeýändigini" aýdyp, gyzy öldürendigini boýnuna alandygyny habar berýär.

Orsýetiň organ işgärleri häzirki ýagdaýda Orsýet Federasiýasynyň jenaýat kodeksine görä, 201-nji harby bazada derňew işini alyp barýarlar. 201-nji harby bazadaky derňew toparynyň bir wekili 10-njy noýabrda Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda, derňew işleri doly tamamlanansoň, netijäniň hemmelere aýan ediljekdigini aýdypdyr. Onuň aýtmagyna görä, netijä garaşylman edilen beýannamalar derňewe päsgelçilik döredip biler.

XS
SM
MD
LG