Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda sahawatlylyk peselýär


Britaniýanyň CAF sahawatlylyk fondy dünýä ýurtlarynyň sahawatlylyk derejesi boýunça altynjy hasabatyny çap etdi. Onda Türkmenistandaky sahawatlylyk, mätäç adamlara kömek bermek derejesiniň peselip, 71-nji derejä düşendigi aýdylýar.

Türkmenistan bu meselede 2013-2014-nji ýyllarda 26-njy we 23-nji derejeleri alypdy.

Bu dereje Gallup kompaniýasynyň 145 ýurtda geçiren pikir soraşlygy esasynda kesgitlenipdir. 2015-nji ýylda dünýä ýurtlarynyň sahawatlylyk derejesiniň öňüni Mýanmar, Birleşen Ştatlar, Täze Zelandiýa, Kanada we Awstraliýa çekýär.

Ozalky sowet ýurtlarynyň arasynda iň jomartlary Gyrgyzystan we Özbegistan bolup durýar, olar 18-nji we 27-nji orunlary alypdyr.

XS
SM
MD
LG