Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanly türkmen azat edildi


Özbegistanda tanymal oppozisiýa wekili Murad Joraýew 21 ýyldan gowrak tussaglykda bolanyndan soň, azatlyga goýberildi.

Daşkentde ýerleşýän «Ezgulik» adam hukuklary merkezi 12-nji noýabrda Azatlyk radiosyna Joraýewiň 12-nji noýabrda, Daşkendiň golaýyndaky Çyrçyk şäheriniň türmesinden boşadylandygyny aýtdy.

63 ýaşyndaky etniki türkmen Joraýew 1991 – 1992-nji ýyllarda özbek deputaty bolupdy. Ol 1994-nji ýylyň sentýabrynda, hökümeti güýç bilen agdarmagy planlaşdyrmakda aýyplanyp tutuldy.

Tarapdarlary oňa ýöňkelen aýyplaryň syýasy sebäplidigini aýdýarlar. Joraýew 1995-nji ýylda 12 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Emma onuň türme möhleti, içki düzgüni bozdy diýlip, azyndan dört gezek uzaldyldy.

Joraýewiň boşadylmagy ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerriniň Daşkentde özbek prezidenti Yslam Kerimow bilen adam hukuklary barada gürrüň etmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG