Sepleriň elýeterliligi

Azeri aktiwisti öý tussaglygyna geçirildi


Azerbaýjan sudy hukuk goraýjy aktiwist Arif Ýunusy, saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşandygy sebäpli, türme tussaglygyndan öý tussaglygyna geçirdi.

Azatlyk radiosynyň Azeri gullugynyň maglumatyna görä, Bakuwyň şikaýat sudy 12-nji noýabrda Ýunusyň aklawçysynyň öz müşderisini öý tussaglygyna geçirmek baradaky talabyny ýerine ýetirdi.

Bakuwyň agyr jenaýatlar baradaky sudy awgustda Arif Ýunusy 7 ýyl tussaglyga, onuň aýaly Leýla Ýunusy 8.5 ýyl tussaglyga höküm edipdi. Olar ykdysady jenaýtalarda aýyplandy.

Halkara hukuk toparlary bu jübüdiň bikanun tussag edilendigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG