Sepleriň elýeterliligi

Özbek dissidenti 21 ýyldan soň türmeden çykdy


Özbegistanda tanymal oppozisiýa wekili Myrat Joraýew, 21 ýyldan gowrak tussaglykda bolanyndan soň, azatlyga goýberildi.

Daşkentde ýerleşýän «Ezgulik» adam hukuklary merkezi 12-nji noýabrda Azatlyk Radiosyna Myrat Joraýewiň 12-nji noýabrda Daşkendiň golaýyndaky Çyrçyk şäheriniň türmesinden boşadylandygyny aýtdy.

63 ýaşyndaky etniki türkmen Joraýew 1991-1992-nji ýyllarda Özbegistanda halk deputatlygyna saýlanypdy. Ol 1994-nji ýylyň sentýabrynda, hökümeti güýç bilen agdarmagy planlaşdyrmakda aýyplanyp, tutuldy.

“Aýyplamalar syýasy äheňli”

Tarapdarlary oňa ýöňkelen aýyplaryň syýasy sebäplidigini aýdýarlar. Myrat Joraýew 1995-nji ýylda 12 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Emma onuň tussaglyk möhleti türmäniň içki düzgünlerini bozdy diýlen bahana bilen azyndan dört gezek uzaldyldy.

Agzalýan aktiwistiň tarapdarlarynyň aýtmaklaryna görä, oňa ýöňkelýän aýyplamalar syýasy äheňli bolup, ol tussaglyk möhletinde dürli gynamalara duçar edilipdir.

Adam hukuklaryny goraýjy Human Rights Watch guramasy Joraýewiň boşadylmagyna gowy baha berip, onuň parahatçylykly iş alyp barýan we iň uzak wagtlap türme tussaglygynda saklanan bendidigini mälim edýär.

Myrat Joraýew belli özbek oppozisioneri Muhammad Salyhyň baştutanlyk edýän ”Erk” partiýasynyň agzasydyr. Bu partiýanyň lideri Salyh 1993-nji ýylda syýasy ýanamalardan başyny gutarmak üçin Özbegistany terk edipdi.

“Dowzah durmuş”

Joraýew 1994-nji ýylyň sentýabr aýynda Daşkendiň talaby bilen Gazagystanda tussag edilipdi. Adam hukuklaryny goraýjy Human Rights Watch bu barada ýaýradan beýanatynda Daşkendi Joraýewiň gynamalara sezawar edilendigi, şeýle-de onuň türme tussaglygynyň kast bilen uzaldylandygy baradaky gürrüňleri aýyl-saýyl etmäge çagyrdy.

HRW guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça wekili Stew Swerdlow Joraýewiň 21 ýyldan bäri dowzah durmuşynda ýaşandygyny aýdyp, onuň maşgalasy asla bu zuluma duçar bolmaly däldi diýdi.

Mundan ozal ençeme halkara guramalary türmede ýüzbe-ýüz bolan gynamalary zerarly Joraýewiň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşanlyndan alada bildirip, beýanat ýayradypdylar.

Kerriniň geçiren gepleşikleri

Myrat Joraýew ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Daşkentde özbek prezidenti Yslam Kerimow bilen adam hukuklary barada gürrüň edenden soň azatlyga goýberildi. Şol duşuşyklarda Joraýewiň ýagdaýy hakda gürrüň edilip-edilmändigi barada hiç hili maglumat ýok.

Merkezi Aziýada Adam hukuklaryny goramak boýunça düýbi Parižde ýerleşýän ”Bileleşik” atly gurama Kerriniň regiona barmagynyň öň ýanynda, 29-nji oktýabrda Özbegistandaky tussaglaryň atlaryny öz içine alýan sanaw ýaýradypdy.

Beýanatda Kerri Joraýewiň hem ady tutulýan şol sanawdaky tussaglaryň ykbaly barada özbek ýolbaşçylary bilen gürrüň etmäge çagyrylypdy.

HRW guramasy tarapyndan 12-nji noýabrda ýaýradylan beýanatda hem özbek hökümeti türme tussaglygynda saklanýan we adalatly bolmadyk sud prosesleriniň netijesinde tussag edilen ençeme beýleki parahatçylykly syýasy tussaglary hem boşatmaga çagyrylýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG