Sepleriň elýeterliligi

Ýakowlew: Ösüş derejesi aşaklasa-da ýokary


Türkmenistanyň we ABŞ-nyň milli pullary

Türkmenistanyň we ABŞ-nyň milli pullary

Halkara Pul fondy Türkmenistanda ykdysady ösüş derejesiniň peselýändigini, onuň geçen ýylky 10 %-den şu ýyl 7 %-e düşendigini, indiki ýylda bolsa 6 %-e çenli peseljekdigini aýdýar. Bu sanlar nämeden habar berýär? Azatlyk Radiosy Orsýetiň 'RosBiznesKonsalting' agentliginiň baş analitigi Aleksandr Ýakowlewden düşündiriş sorady.

Azatlyk Radiosy: Halkara Pul fondy Türkmenistanda ykdysady ösüş derejesiniň peselýändigini, onuň geçen ýylky 10 %-den şu ýyl 7 %-e düşendigini, indiki ýylda bolsa 6 %-e çenli peseljekdigini aýdýar. Bu sanlar nämeden habar berýär?

Aleksandr Ýakowlew: Umumy içerki önümçilik derejesi barada aýdylanda, bu gowy görkezijiler. Muny Aziýanyň beýleki ösýän ykdysadyýetleri bilen deňeşdireniňde, elbetde Hytaý we Hindistan ýaly bolmasa-da, şolara ýakyn we gowy diýse bolar. Deňeşdirme üçin, eger Orsýetiň görkezijilerini alyp görsek, şu ýyl ösüş minus 4 % bolar, indiki ýylda-da minus bolar. Ýewropanyň köp ýurdunda ösüş 0 derejesinde, ençemesinde otrisatel. ABŞ-da bir prosentden sähel gowrak. Şeýlelikde, 5-6 % ösüş gowy görkeziji hasaplanylýar. Elbetde, geçen ýylky 10 % çakdanaşa ýokary görünýär, munuň sebäplerine düşünmek üçin ýurduň umumy içerki önümçiliginiň gurluşyny öwrenmeli. Ýöne, umuman aýdylanda, agzalan sanlar peselmek bilen hem bolsa, ýurduň ykdysady taýdan ösýändigini görkezýär.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň häkimiýetleri öz statistiki maglumatlarynda ýurduň ykdysady ösüşiniň ýokary derejede saklanýandygyny habar berýärler.

Aleksandr Ýakowlew: Statistika takyklyga esaslanýan hem bolsa, oňa ýalançylygyň öýjügi diýilýär, şonuň üçin sanlara düşünmek üçin olaryň nädip hasaplanandygyna düşünmeli, sebäbi hasaplamagyň birnäçe usuly bar. Ýöne, meniň pikirimçe, Türkmenistanyň ykdysadyýeti barada aýdylanda, ösüşiň 5-6 % derejesinde bolmagy hakykata ýakyn görünýär.

Azatlyk Radiosy: Ösüş görkezijisiniň pese tarap ugur almagynyň täsiri ýokmy?

Aleksandr Ýakowlew: Bu milli ykdysadyýetiň biraz gowşaýandygyny, ykdysady yzagaýdyşlygyň, biziň düşünişimize görä, belli bir derejede ýumşak geçýändigini görkezýär. Bu hakyky çökgünliligiň ýokdugyny, emma şol bir wagtda-da güýçli ösüşiň çäklenip, gowşap başlandygyny aňladyp biler. Biziň Aziýanyň iri ýurtlarynyň mysalynda görşümiz ýaly bu ýagdaý güýçli ösüşden soňky böwşeňlik hem bolup biler, bu kadaly bir ýagdaý. Has takyk düşündiriş bermek üçin her bir ykdysadyýeti aýratynlykda alyp görmeli, onuň strukturasyna, umumy içerki önümçilik derejesini kesgitleýän ugurlaryna aýratynlykda seretmeli, ähli ykdysady we makroykdysady görkezijileri hasaba almaly, ilatyň alyjylyk, iş bilen meşgullyk, demografik derejelerini göz öňünde tutmaly. Üstesine, dünýäde häzir uly ösüş ýok, köp ýurtlaryň, şol sanda Hytaýyň ykdysady ösüşini haýalladýar. Hytaý tutuş Aziýa regiony üçin kesgitleýji ugur bolup durýar. Bu prosesleriň hem [Türkmenistanyň ykdysadyýetine] täsir ýetirýän bolmagy ähtimal.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG