Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: Täjik zenany deportasiýa edilýär


Zarina Ýunusowa.

Zarina Ýunusowa.

Orsýetiň tussaghanasynda ölen täjik çagasynyň ejesi Täjigistana deportasiýa edilýär.

12-nji noýabrda Sankt-Petrburg şäher sudy, Zarina Ýunusowanyň Orsýetiň migrasiýa baradaky kanuny bozandygy hakynda aşaky suduň çykaran kararynyň öz güýjünde saklanýandygyny mälim etdi.

Bu aralykda, Orsýetiň häkimiýetleri Ýunusowanyň bäş aýlyk ogly Umarali Nazarowyň ölümi bilen baglanyşykly derňewleri dowam etdirýärler.

Gürrüňi edilýän çaga, onuň ene-atasy migrasiýa düzgünlerini bozmakda aýyplanyp, gysga wagtlyk tussag edilenden bir gün soň heläk boldy.

Gürrüňi edilýän ene-ata polisiýa ofiserleri özlerini çagasyndan aýry-aýrylykda soraga çekenden bäş sagat soň, özlerine oglunyň gaýtarylyp berilmändigini aýdýar.

Olaryň aýtmagyna görä, polisiýa işgärleri olara çagasynyň dem alyş ýollaryndaky näsazlykdan ejir çekýändigini aýdyp, keselhana ýerleşdirendiklerini mälim edipdirler.

15-nji oktýabrda çaganyň jesedi Zarina Ýunusowa we onuň adamysyna berildi.

XS
SM
MD
LG