Sepleriň elýeterliligi

Jihadi Jon ‘ýok edildi’ diýilýär


“BBC” korporasiýasy britan harby ofiserine salgylanyp, “Jihadi Jon” lakamy bilen tanalýan britan söweşijisiniň Birleşen Ştatlaryň “Yslam döwleti” atly toparyň Siriýadaky galasy – Rakka şäherinde amala aşyran dronly howa zarbalarynda urlandygy dogrusynda “ähtimallygyň ýokary derejededigini” habar berýär.

Bu aralykda, Birleşen Ştatlaryň metbugat serişdeleri ady köpçülige mälim edilmeýän amerikan resmisine salgylanyp, şol howa zarbalarynyň “birkemsiz” bolandygyny we gürrüňi edilýän britan söweşijisiniň “ýok edilendigini” ýazýarlar.

12-nji noýabrda Pentagon howa zarbalarynda “Yslam döwleti” atly toparyň gürrüňi edilýän söweşijisini alyp barýandygy çaklanylýan ulagyň nyşana alnandygyny tassyklady.

Asyl ady Mohammed Emwazi bolan britan söweşijisi öňki zamunlaryň biri tarapyndan ganhor däli adam diýip häsiýetlendirilýär.

XS
SM
MD
LG