Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kürt söweşijileri Sinjary ele geçirdi


Yragyň kürt peşmerga güýçleri. 12-nji noýabr, 2015 ý.
Yragyň kürt peşmerga güýçleri. 12-nji noýabr, 2015 ý.

Birleşen Ştatlar tarapyndan goldanylýan kürt peşmerga söweşijileri demirgazyk Yrakdaky Sinjar sebitiniň merkezini ele geçirdiler. Kürt peşmerga söweşijileri “Yslam döwleti” atly toparyň jeňçilerinden strategik taýdan ähmiýetli şäheri yzyna gaýtaryp almak üç tarapdan hüjümleri amala aşyrandan soň, ýeňişlerini kürt baýdaklaryny galgadyp bellediler.

13-nji noýabrda Birleşen Ştatlaryň liderligindäki howa zarbalary tarapyndan goldanylýan kürt güýçleri uly bolmadyk gapma-garşylyklar bilen hem ýüzbe-ýüz boldular.

“Yslam döwleti” atly toparyň jeňçileri 2014-nji ýylyň awgust aýynda Sinjar sebitini basyp alypdylar. Şonda jeňçiler Yragyň ýazidi etniki azlygyndan bolan müňlerçe adamy öldüripdiler we olaryň başga-da on müňlerçesi golaýdaky daglyk sebite gaçyp gitmäge mejbur bolupdy.

XS
SM
MD
LG