Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda 'sahawat kemelýär'


Ýol ugrunda oturan dilegçi. Aşgabat, iýun, 2015.
Ýol ugrunda oturan dilegçi. Aşgabat, iýun, 2015.

Türkmenistanda adamlaryň arasyndaky sahawatlylyk, mätäje, goly ýuka adamlara maddy ýardam ýa-da goltgy bermek derejesiniň pese gaçandygy aýdylýar.

Britaniýanyň CAF sahawatlylyk fondy dünýä ýurtlaryndaky hususy sahawatlylygyň reýtingini - «World Giving Index-2015» hasabatyny çap etdi. Şeýle hasabat indi altynjy gezek çap edilýär.

Hasabatdaky reýting Gallup kompaniýasynyň 2014-nji ýylda dünýäniň 145 ýurdunda geçiren barlaglary esasynda düzülipdir.

Ýurduň reýtingi, ýagny sahawatlylyk derejesi üç ugur boýunça görkezijileriň ortaça ähmiýetine - sahawatçylyk guramalaryna berilýän peşgeşiň möçberine, meýletinçi bolup işleýänleriň sanyne, kömege mätäç nätanyş adama goltgy berlişine bagly bolup durýar.

2015-nji ýylda sahawatlylyk boýunça öňbaşçylyk Mýanmara düşýär, bu ýurtda ilatyň üçden iki bölegi sahawatlylyk bilen meşgullanýar. Ikinji orunda ABŞ, üçünji orunda Täze Zelandiýa durýar. Sahawatlylyk boýunça dördünji we bäşinji orunlar degişlilikde Kanada bilen Awstraliýa berlipdir.

Dünýä ýurtlarynyň sahawatlylyk görkezijisinde Angliýa, Niderlandlar, Şri-Lanka, Irlandiýa we Malaýziýa hem ilkinji onluga girýär.

Kömege mätäç nätanyş adama goltgy bermekde dünýä ýurtlarynyň öňüni (berilýän kömegiň möçberi boýunça) Eýran, (kömekçileriň sany boýunça) Hindistan çekýär.

Dünýä ýurtlarynyň arasyndaky sahawatlylykda iň yzdaky 145-nji orny Brundi alypdyr, Hytaý bilen Ýemende şahsy sahawatlylyk işi bu ýurtdaka garanda birneme ganymat bolup çykypdyr.

Ozalky SSSR ýurtlarynyň arasynda sahawatlylyk işinde jomartlyk görkezmekde Gyrgyzystan bilen Özbegistan öňe saýlanypdyr, bu ýurtlar degişlilikde 18-nji we 27-nji orunlary eýeleýär.

Gazagystan – 56, Ukraina – 89, Estoniýa – 99, Belarus – 103, Latwiýa 110-njy orny alypdyr. Moldowa sahawatlylyk görkezijisinde 120-nji, Azerbaýjan – 122, Ermenistan – 138, Litwa bolsa 142-nji orny alypdyr.

Türkmenistan 2015-nji ýylyň sahawatlylyk görkezijisinde 71-nji orny alypdyr.
Gepiň gerdişine aýdylsa, Türkmenistanyň sahawatlylyk derejesi 2013-2014-nji ýyllarda has gowudy.

Ýagny şol ýyllarda Türkmenistan, mätäç adamlara sahawatlylyk guramalary ýa-da meýletinçilik işleri arkaly däl-de, göni goltgy bermekde 26-njy we 23-nji orunlary eýeleýärdi.

Britaniýanyň CAF sahawatlylyk guramasynyň täze hasabatyna görä, 2015-nji ýylda Türkmenistanda kömege mätäç adamlara goltgy berýänleriň sany düýpli kemelipdir.

XS
SM
MD
LG