Sepleriň elýeterliligi

Siriýanyň armiýasy bir etraby ele geçirdi


Siriýa.

Siriýa.

12-nji noýabrda Siriýanyň telewideniýesi ýurduň armiýasynyň, gozgalaňçylaryň Aleppo welaýatyndaky öňki galasy Al-Hader etrabyny ele geçirlendigini yglan etdi. Maglumatda bu halkara parahatçylyk gepleşiklerinden iki gün öň, Siriýanyň armiýasynyň ikinji uly ýeňişidir diýilýär.

Eýranyň we “Şaýy Hezbollah” hereketiniň goşunlary tarapyndan goldanylýan Siriýanyň režim güýçleri Al-Hader etrabynyň kontrollygynyň doly öz gözegçiligine geçendigini öňe sürdi.

Siriýanyň adam hukuklary boýunça synçy topar režim güýçleriniň Al-Hader etrabynyň uly bölegini öz kontrollygyna geçirendigini tassyklady. Bu etrabyň aglaba bölegine “Al-Kaýda” hereketi bilen ilteşikli “Al-Nusra fronty” we beýleki yslamçy toparlar kontrollyk edýärdi.

Düýbi Britaniýada ýerleşýän Siriýanyň adam hukuklary boýunça synçy topar bu sebitde Siriýanyň we Orsýetiň uruş uçarlarynyň howa zarbalaryny amala aşyrandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG