Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bubka günäsiz türgenleri goramaga çagyrýar


Atletler federasiýasynyň halkara assosiasiýasynyň wise-prezidenti Sergeý Bubka.
Atletler federasiýasynyň halkara assosiasiýasynyň wise-prezidenti Sergeý Bubka.

Orsýetli atletleriň halkara ýaryşyna gatnaşdyrylmalyny ýa-da ýok diýen karary kesgitleýän toparyň esasy agzasy ukrainaly tanymal atletikaçy Sergeý Bubka özüniň günäsizleri goramak isleýändigini aýtdy.

Atletler federasiýasynyň halkara assosiasiýasynyň wise-prezidenti Bubka 12-nji noýabrda metbugata interwýu berip, onda ol assosiasiýanyň orsýetli türgenlere garşy ýöňkelýän doping aýyplamalaryna ýeke-ýekeden seretmelidigini we günälileriň jezalandyrylmalydygyny, şol bir wagtda günäsizleriň goralmalydygyny aýtdy.

“Muňa gatnaşan ähli adamlar, resmiler, dolandyryjylar ýa-da türgenleşdirijiler munuň tölegini tölemelidirler. Emma bu mesele bilen ilteşigi bolmadyk adaty türgenler hiç bir ýaryşy sypdyrmaly däldirler” diýip, taýak bilen ýokary bökýän türgen Bubka belledi.

XS
SM
MD
LG