Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Orsýet käbir dopingli wakalary boýun aldy


Orsýetiň Atletika federasiýasynyň ýerine ýetiriji başlygy Wadim Zeliçenok, Moskwa, 10-njy noýabr, 2015

Orsýetiň Atletika federasiýasynyň ýerine ýetiriji başlygy Wadim Zeliçenok, Moskwa, 10-njy noýabr, 2015

Orsýet dünýäde sporta gözegçilik edýän halkara guramasynyň orsýetli sportsmenleriň doping ulanmagyna degişli berk tankytly beýannamasyna resmi jogap berdi. Orsýet resmileri 12-nji noýabrda eden çykyşlarynda käbir kemçilikleri boýun alýandyklaryny, käbirlerini ret edýändiklerini aýtdylar.

Orsýetiň Dopinge garşy bütindünýä agentliginiň komissiýasyna beren bu jogaby Atletika Federasiýalarynyň Halkara Bileleşiginiň (IAAF) 13-nji noýabrda geçirjek maslahatynda Orsýetiň ýeňil atletika sportsmenlerini halkara ýaryşlardan çetleşdirmek meselesine garamak kararyny yglan eden uçurynda peýda boldy.

Orsýet babatynda gadagançylygyň girizilen ýagdaýynda ýurduň ýeňil atletika boýunça toparlary indiki ýylda Rio de Žaneýroda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmakdan mahrum edilip bilnerler.

Kemçilik

Dopinge garşy bütindünýä agentligiň komissiýasy tarapyndan şu hepdede ýaýradylan tankytlaýjy hasabatda Orsýetiň Atletika federasiýasyna işini togtatmak teklip edildi we onuň sportsmenleriniň we resmileriniň güýçlendiriji dermanlary giňden ulanmak işine baş goşýandygy, doping barlaglaryny geçirmegi kynlaşdyrýandygy we dopingiň ulanylmagyny ýaşyrýandygy aýdyldy.

Orsýetiň Atletika federasiýasynyň başlygy Wadim Zeliçenok Dopinge garşy komissiýanyň hasabatynda özüniň doping boýunça derňewlerden boýun gaçyrandygy aýdylýan käbir ýagdaýlar babatynda öz edarasynyň işleşmäge razylyk berendigini, emma käbir wakalara garşy çykandygyny habar berdi.

Orsýet resmileriniň jogaby

“Biz käbir pozisiýalar bilen ylalaşdyk. Şol bir wagtda-da biz käbir düzgün bozmalaryň guramamyzyň öňki ýolbaşçylarynyň golastynda wagty mundan ençeme wagt öň bolandygyny düşündirdik” diýip, Zeliçenok TASS agentligine aýtdy.

Şeýle-de Orsýetiň resmisi “Biz käbir zatlary kabul edýäris, beýleki zatlara bolsa, garşy çykyş edýäris, olaryň käbirleri eýýäm düzedildi” diýip, “Associated Press” agentligine aýtdy.

Orsýet federasiýasy käbir sportsmenlerini aklamaga synanyşýarka, Orsýetiň sport ministri Witaliý Mutko halkara federasiýasynyň amala aşyrjak bolýan hereketlerine garamazdan, Orsýetiň 2016-njy ýylda Rioda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryny boýkot etmejegini aýtdy.

“Orsýet boýkota garşy, Orsýet sporta syýasatyň goşulmagyna garşy diýdi” diýdi.

'Ädim ädildi'

Mutko Orsýetiň doping problemalaryny çözmek üçin eýýäm ädim ädýändigini belledi. Onuň “Associated Press” agentligine aýtmagyna görä, Orsýetiň Olimpiýa komiteti Orsýetiň Atletika federasiýasynyň öňki başlygy Walentin Balahniçewiň dolandyryjylar geňeşinden çykmagyny sorapdyr.

Balahniçewiň wezipesinden çekilmeginiň öňüsyrasynda şu hepdede Orsýetiň dopinge garşy laboratoriýasynyň ýolbaşçysy Grigoriý Rodçenko işden çekildi. Ol 1,5 müň doping nusgasyny bilkastlaýyn ýok etmekde aýyplandy.

Şol bir wagtda-da Halkara Olimpiýa komitetiniň prezidenti Tomas Bah bu mesele boýunça Orsýetiň Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçysy Aleksandr Žukow bilen 12-nji noýabrda Şweýsariýada duşuşdy.

XS
SM
MD
LG