Sepleriň elýeterliligi

Ilçi 'Mary bazasy' çaklamasyny ret etdi


Birleşen Ştatlaryň Türkmenistandaky ilçisi Amerikanyň Türkmenistanda harby baza ýerleşdirmek ähtimallygy baradaky habary ret etdi.

«Arzuw NEWS» internet saýty ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Allan Mastard bilen geçiren söhbetdeşligini çap etdi.

Bu söhbetdeşlikde ilçi metbugatda amerikan harby bazasynyň Türkmenistanda ýerleşdirilmek ähtimallygy barada aýdylýan ähli zatlary ýalana çykardy.

Mysal üçin, Orsýetde çap edilýän «Nezawisimaa gazeta» Maryda, serhet howpsuzlygyna we gurulmakçy bolýan TOPH geçirijisine kepillik hökmünde, ABŞ-nyň bazasynyň peýda bolmagynyň ahmaldygyny ýazdy.

Amerikan ilçisi söhbetdeşlikde ABŞ-nyň TOPH proektini goldaýandygyny aýtdy. Emma ol Maryda amerikan bazasynyň ýerleşdirilmek ähtimallygy barada aýdylýanlary «gülkünç» diýip atlandyrdy.

«Bilşiňiz ýaly, biz Owganystandaky harbylarymyzyň sanyny azaldýarys. Eýsem biz goňşy ýurtlarda harby güýçlerimizi köpelderismi? Bu pesinden hiç bir logika gelmeýär» diýip, amerikan ilçisi aýdýar.

XS
SM
MD
LG