Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe çaknyşyklarynda 14 adam öldi


Türk resmileri ýurduň günorta böleginde howpsuzlyk güýçleri bilen kürt pitneçileriniň arasynda bolan çaknyşyklarda 14 adamyň ölendigini aýdýarlar.

Yrak bilen serhetleşýän Sirnak welaýatynyň gubernatorynyň edarasy 13-nji noýabrda türk güýçleriniň Kürdüstan Işçiler partiýasynyň 11 söweşijisini öldürendiklerini aýtdy.

Çaknyşyklar mahaly Lise şäheriniň golaýynda ýolda goýlan ýasama bomba partlap, iki sany türk esgeri, Wan welaýatyndaky çaknyşykda bolsa ýene bir türk esgeri pida boldy.

XS
SM
MD
LG