Sepleriň elýeterliligi

Wenada Siriýa maslahatlaşylýar


ÝB-niň daşary syýasat başlygy Federika Mogherini.

ÝB-niň daşary syýasat başlygy Federika Mogherini.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy Federika Mogherini Pirižde bolan hüjümler Wenada 20 ýurduň we dünýä guramalarynyň ýokary derejeli resmileriniň Siriýadaky urşa çözgüt tapmak maksady bilen geçirýän duşuşygyna has uly ähmiýet berýär diýdi.

Ol 14-nji noýabrdaky duşuşygyň başlanmazynyň öň ýanynda metbugat üçin aýdan sözlerinde terrorizmi global problema diýip atlandyrdy.

"(Wenada) gepleşik stolunyň başynda oturan ýurtlaryň tas hemmesi diýen ýaly soňky hepdelerde şol bir agyry-ynjyny, şol bir terrory, şol bir sarsgynlary başdan geçirdi» diýip, ol aýtdy.

13-nji noýabrda Parižde utgaşykly geçirilen 127 adamyny öldürdi, şondan bir gün öň Beýrutda bolan goşa partlamada 44 adam öldürilipdi. Biraz öň bolsa, Müsürde ýykylan rus uçarynda 224 adam öldürilipdi.

Fransiýanyň daşary işler ministri Laurent Fabius Wena duşuşygynyň öňünden Pariž hüjümleri «Yslam döwletiniň» terrorçylaryna garşy söweşi güýçlendirmek zerurlygyny görkezdi diýdi.

Ol häzirki pursatda terrora garşy söweşi utgaşdyrmak owal-ahyrda bolşundan has zerur diýdi we Fransiýanyň «halkara aksiýasyny» togtatmajagyny wada berdi.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri bu hüjümler «biziň hemmämiziň gaýtawul bermek, söweşmek aýgytlylygymyzy berkider» diýdi.

"Olaryň bir eden zady bar bolsa, olam şu gün olaryň bizi progres gazanmak üçin has berk işlemäge, ýüzbe-ýüz bolýan krizislerimizi çözmek kömegini etmäge has-da hyjuwlandyrmagydyr» diýip, Kerri aýtdy.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Wenada Parižde guralan hüjümler «Yslam döwleti» we «Al-Nusra» ekstremist toparlarynyň garşysyna söweşmegiň gerekdigini «subut edýär» diýdi.

Diplomatlar Wenada geçirilýän Siriýa parahatçylyk gepleşikleriniň soňky tapgyryndan uly bir tama etmeýärler. Bu duşuşygyň ýokary derejeli gepleşikçileri Orsýetiň, ABŞ-nyň we Ýakyn Gündogaryň araçylary bolup durýar.

"Bu ýerde birnäçe kyn mesele bar, Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň geljegi baradaky mesele belki-de iň kyny, onsoň bu ertir has möhüm tema bolar» diýip, Britaniýanyň daşary işler sekretary Filip Hammond 13-nji noýabrda müsürli kärdeşi Sameh Şukri bilen duşuşandan soň aýtdy.

Hammond biraz öň ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerriniň aýdan zatlaryny ýaňzytdy. Jon Kerri Assadyň geljeginiň onuň işden çekilmegini isleýän Günbatar, Aýlak arap döwletleri bilen Assadyň ýaranlarynyň, Orsýetiň we Eýranyň arasynda esasy päsgelçilik bolup galýandygyny aýtdy.

Kerri bu gepleşiklerden çalt netije çykjaga meňzemeýändigini duýdurdy.

"Men biziň hemmetaraplaýyn bir ylalaşygyň bosagasynda durandygymyzy aýdyp biljek däl» diýip, Kerri aýtdy. Ol Awstrianyň paýtagtyna 13-nji noýabrda, saudly, türk we BMG kärdeşleri bilen geldi.

"Siriýanyň içindäki, regionyň içindäki, halkara jemgyýetçiligindäki ynamsyzlyk diwarlary galyň we beýik» diýip, ol aýtdy.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG