Sepleriň elýeterliligi

YD Pariž hüjümlerini 'boýun alýar'


«Yslam döwleti» ekstremist topary Parižde 127 adamy öldüren hüjümleriň jogapkärçiligini öz boýnuna aldy.

Ekstremist topar 14-nji noýabrda çap edilen beýanatynda bu hüjümi «partlaýjy guşak geýen sekiz doganyň amala aşyrandygyny» aýtdy.

Beýanatda 13-nji noýabrdaky hüjümleriň yslamyň pygamberiniň masgaralanmagy, «Yslam döwletiniň territoriýasyna» howadan urulýan zarbalar üçin jogapdygy aýdylýar.

Bu beýanat fransuz prezidentiniň telewideniýede eden beýanatynyň yz ýanyna gabat geldi. Fransiýanyň prezidenti Fransua Olland telewideniýede eden çykyşynda Parižde guralan hüjümlerde 127 adam öldürildi diýdi we bu işiň "Yslam döwleti» toparynyň ekstremistleri tarapyndan amala aşyrylandygyny aýtdy.

Bu hüjümleri «uruş hereketi» diýip atlandyrmak bilen, Ollanda olaryň Fransiýanyň içinden kömek berilmegi netijesinde daşary ýurtdan gurnalandygyny hem amala aşyrylandygyny aýtdy.

Ol 16-njy noýabrda parlamentiň adatdan daşary duşuşygynda çykyş etjekdigini, şeýle-de ýurduň üç günläp resmi ýas tutjakdygyny aýtdy.

Dünýä ýurtlarynyň liderleri, şol sanda amerikan prezidenti Barak Obama, german kansleri Angela Merkel we beýlekiler Pariždäki terror hüjümlerini ýazgaryp çykyş etdiler.

“Biz fransuz halky we dünýäniň beýleki döwletleri bilen öz adamlarymyzyň kastyna çykan islendik terrorçy topary jogapkärçilige çekmek üçin ähli zady ederis» diýip, prezident Obama aýtdy.

XS
SM
MD
LG