Sepleriň elýeterliligi

Resmiler: Parižde 129 adam öldürildi


Fransuz esgerleri Pariždäki Eýfel diňiniň goragynda durlar. 14-nji noýabr, 2015.

Fransuz esgerleri Pariždäki Eýfel diňiniň goragynda durlar. 14-nji noýabr, 2015.

Fransuz resmileri Pariždäki terror hüjümlerinde 129 adam öldürildi diýýärler, bu hüjümleriň jogapkärçiligini «Yslam döwleti» ekstremist topary öz boýnuna aldy.

Parižiň prokurory Fransua Molins 13-nji noýabrda fransuz paýtagtynyň dürli ýerlerinde amala aşyrylan atyşyklarda we partlamalarda 352 adam ýaralandy diýdi.

Ol ýaraly bolanlaryň 99 sanysynyň ýagdaýynyň agyrdygyny hem sözüne goşdy. Şeýle-de Molins hüjümlerde şol bir meňzeş partlaýjy guşak geýen ýedi «terrorçynyň» öldürilendigini aýtdy.

«Yslam döwleti» ekstremist topary 14-nji noýabrda internetde ýerleşdiren resmi beýanatynda bu hüjümi «hüjüm tüpeňleri bilen ýaraglanan, partlaýjy guşak geýen sekiz doganyň amala aşyrandygyny» aýtdy.

Beýanatda bu hüjümleriň yslamyň pygamberiniň masgaralanmagy hem-de «Yslam döwletiniň territoriýasyna» howadan urulýan zarbalar üçin jogapdygy aýdylýar.

Bu beýanat fransuz prezidenti Fransua Ollandyň telewideniýede çykyş edip, hüjümleriň YD ekstremistleri tarapyndan amala aýdanyndan gysga wagt soň peýda boldy.

Fransuz prezidenti bu hüjümleri «uruş hereketi» diýip atlandyrdy we olaryň Fransiýanyň içinden kömek almak bilen, daşary ýurtdan planlaşdyrylandygyny we amala aşyrylandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG