Sepleriň elýeterliligi

Pariž: bir hüjümçiniň şahsy anyklandy


Fransuz derňewçileri Parižde 129 adamy öldüren, 350-den gowrak adamy ýaralan hüjümleri amala aşyranlaryň biriniň şahsyýetini anyklady.

AFP habar gullugy 29 ýaşyndaky Omar Ismail Mostefainiň şahsyýetiniň hüjümleriň biriniň amala aşyrylan ýerinde tapylan barmagy arkaly kesgitlenendigini ýazýar.

Fransuz raýaty bolan Mostefai ozal ownuk jenaýatda tanalan radikallaşan diýip bilinýär.

13-nji noýabrdaky utgaşdyrylan hüjümler fransuz paýtagtynyň alty sany dürli ýerinde, şol sanda konsert zalynda, sport stadionynda, restoranlarda we barlarda amala aşyryldy.

Agyr ýaraglanan we partlaýjy guşak geýen ýedi hüjümçi öldürildi.

XS
SM
MD
LG