Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Klinton YD-a garşy urşa çagyrýar


Hillari Klinton
Hillari Klinton

Prezidentlige kandidat Hillari Klinton «Yslam döwleti» jeňçi toparyny ýok etmek üçin global bileleşige çagyrdy.

Birleşen Ştatlaryň demokratiki partiýasynyň üç kandidatynyň 14-nji noýabrdaky çekişmesi fransuz pidalarynyň hormatyna dymyşlyk etmekden başlandy.

Hillari Klinton, amerikan senatory Berni Sanders, Merilandyň ozalky gubernatory Martin O'Malley Parižde 129 adamy öldüren hüjümleriň jogapkärçiligini öz üstüne alan «Yslam döwleti» jeňçi toparyna berk gaýtawul bermek meselesinde bir hörpden gopdular.

"Biz yslama garşy uruşmaýarys, biz zorlukly ekstremizme garşy uruşýarys» diýip, Klinton aýtdy.

Sanders we O'Malley Klintony Birleşen Ştatlaryň Yraga goşun salmagyna başda goldaw bildirendigi üçin tankyt etdiler.

Klinton Birleşen Ştatlaryň nobatdaky prezident saýlawlarynda demokratiki partiýanyň öňdebaryjy kandidaty bolup durýar.

XS
SM
MD
LG