Sepleriň elýeterliligi

Ýaponiýada ýer yrandy


Ýaponiýanyň günorta-günbatar kenarlarynda kiçiräk sunamä sebäp bolan 7.0 magnitýutly ýer yranmasy boldy.

Ýaponiýanyň Meteorologiýa gullugy günortadaky Nakonoşimo adasynda 30 santimetr sunami habarynyň berlendigini aýtdy.

Çekilen zyýan ýa-da ýaraly bolanlar barada bada-bat habar berilmedi.

Ýer yranmasy 10 km çemesi çuňlukda bolup geçipdir. Birleşen Ştatlaryň Geologiýa gullugy bu hadysanyň Makurazaki şäheriniň 159 km çemesi günorta-günbatarynda bolandygyny aýtdy.

Ýaponiýada 2011-nji ýylda bolan ýer yranmasy sunama sebäp bolup, demirgazyk-gündogar Ýaponiýada 18 müňden gowrak adamyň heläk bolmagyna getiripdi.

XS
SM
MD
LG