Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti Fransiýa gynanç ýollady


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýanyň prezidenti Fransua Ollanda Parižde köp sanly adam pidasyna getiren terror hereketleri sebäpli gynanjyny ýollady.

«Terrorizmiň islendik görnüşde ýüze çykmasyny berk ýazgarmak bilen, Türkmenistan halkara jemgyýetçiliginiň bu nägehan belany köki-damary bilen köwläp aýyrmak ugrundaky tagallalaryny doly goldaýar» diýip, beýanatda aýdylýar.

Şeýle-de türkmen lideri wepat bolanlaryň garyndaşlaryna we ýakynlaryna çuňňur gynanç bildirdi we ýaraly bolanlaryň basymrak gutulmagyny arzuw etdi diýip, TDH ýazýar.

XS
SM
MD
LG