Sepleriň elýeterliligi

Erdogan: Terrora berk gaýtawul berler


Dünýä liderleri 15-nji noýabrda günorta Türkiýede ykdysady taýdan ösen 20-ler toparynyň sammitine ýygnandylar.

Ortaýer deňzindäki Belek kurortunda geçirilýän iki günlük sammitde terrorizme garşy göreş, Siriýa konflikti, migrant krizisi, klimat özgermesi ýaly global meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.

Bu sammit Parižde «Yslam döwleti» jeňçi topary tarapyndan guralan terror hüjümlerinde 129 adamyň öldürilmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama 13-nji noýabrdaky hüjümleri «medenileşen dünýä edilen hüjüm» atlandyryp, Birleşen Ştatlaryň jogapkärleri tutmak üçin Fransiýa bilen el-ele berip işlejegini aýtdy.

Ol sammit başlanmazyndan öň türkiýeli kärdeşi Rejep Taýyp Erdogan bilen duşuşup, bilelikdäki metbugat ýygnagynda çykyp gürledi.

Prezident Erdogan bu ýygnanşykda terrorizme garşy berk gaýtawul yşaratynyň görkeziljegini aýtdy.

Bu sammite gatnaşýan liderleriň ýene biri, rus prezidenti Wladimir Putin dünýä terroryň hötdesinden diňe tutuş halkara jemgyýetçiliginiň göreş tagallasy birleşdirilende gelip biler diýdi.

XS
SM
MD
LG