Sepleriň elýeterliligi

Tutulan özbekleriň Siriýa gitmäge synanyşandygy güman edilýär


Abu Saloh.

Abu Saloh.

"Golaýda Daşkentde ýaragly toparlara goşulmak üçin Siriýa gitmäge taýýarlanýan bir topar özbek raýaty tutuldy" diýip, ýurduň kanun goraýjy organy ”12news.uz” atly internet habar gullugyna maglumat beripdir.

Özbegistanyň hukuk goraýjy organynyň çeşmesiniň ”12news.uz” internet habar gullugyna beren maglumatynda, tutulan adamlaryň sany aýan edilmedigem bolsa, olaryň Siriýadaky "Jennetiň aşyklary" (Jannat oşiklari) atly ýaragly toparyň hataryna goşulmaga taýýarlanandygy aýdylypdyr.

Din bilen adamyň aňyny üýtgetmek we propaganda

"Jennetiň aşyklary" atly gurama şol bir wagtyň özünde başgaça "Tawhid wal-Jihat" (TWJ) diýen at bilen hem bilinýär. Halap (Aleppo) sebitinde ornaşan ol toparyň agzalarynyň aglaba köpçüligi etniki özbeklerdir. Golaýda ol topar "Al-Kaýda" terror guramasyna wepalydygy barada kasam kabul edipdir.

Özbegistanyň köpçülikleýin habar serişdeleriniň tutulanlar baradaky habarynda, ýaragly toparyň soňky wagtlarda Özbegistanda din bilen adamlaryň aňyny üýtgetmek üçin alyp barýan propagandasynyň täsirini hasam güýçlendirendigine aýratyn üns çekilipdir.

Ýaragly topar, Siriýada alyp barýan işleri hakda esasy iki sany internet sahypasy bilen bir hatarda "Facebook" we "YouTube" sosial ulgamlaryndaky sahypalarynyň üsti bilen öz propagandalaryny ýaýradýar. Olar şol sahypalarda TWJ toparynyň söweşijileriniň uruşýan pursatlaryny görkezýän wideolaryny we onuň ýany bilenem toparyň lideri Abu Salohyň çykyşlaryny görkezýärler.

Ol topar şeýle-de 19-njy oktýabrda öz propaganda materiallaryny ýaýratmak üçin goragly habarlaşmak serişdesi bolan Telegramda bir kanal açypdyr. Toparyň Twitter we "Wkontakte" ýaly sosial ulgamlardaky beýleki sahypalary bolsa owal doly petiklenipdir.

Toparyň lideri bolan Abu Saloh hem aýratynlykda özüniň şahsy "YouTube" kanalyndan propaganda materiiallaryny ýaýradýar. Ol, "YouTube" ulgamyndaky öz kanalynda özbek dilindäki dürli çykyşlary bilen bir hatarda dürli jyhat çagyryşlaryny hem goýberýär.

Toparyň ähli materiallary, şol sanda propaganda tagallalary-da durşy bilen özbek dilinde taýýarlanýar hem goýberilýär. Bu bolsa TWJ toparynyň gönümel özbeklere gönükdirlendigine güwä geçmäge esas döredýär.

"Al-Kaýda" wepalylyk kasamy

TWJ topary sentýabr aýynda ýörite wepalylyk kasamyny edip "Al-Kaýdanyň" Siriýadaky şahamçasy "Al-Nusra frontuna" goşulan daşary ýurtly birnäçe yslamçy topardan biridir. "Al-Nusra fronty" toparyna birleşmezden öňe hem TWJ topary olar bilen Halap (Aleppo) we Idlib sebitlerinde bilelikde söweşipdir.

"Al-Kaýda" wepalylyk kasamy, TWJ toparyna dini agitasiýa hem täze aragatnaşyklar nukdaýnazaryndan "jyhat dünýäsinde" täze pursatlar bilen mümkinçilikler döredipdir.

Wideolaryň birinde toparyň lideri Abu Saloh şeýle belleýär: ”TWJ, Aýman Al-Zawahiriniň baştutanlygyndaky "Al-Kaýda" toparyna gulluk eder. Zawahiri bize geljek söweşiň Damaskda boljakdygy barada söz berdi. Ondan soň biz gönümel Palestina gideris”.

Abu Saloh şol bir wagtyň özünde, "Al-Kaýda" goşulmazdan owal yslam ideology Abu Katad Al-Filistiniden maslahat sorandygyny mälim edýär we onuňam munuň "diňe bähbitli" boljakdygyna ünsi çekendigini aýdýar.

Buýruk Gyrgyzystandanmy?

”12news.uz” internet habar gullugynyň berýän maglumatynda tutulan özbek raýatlarynyň buýrugy Gyrgyzystandaky tarapdarlaryndan alandygy mälim edýär. Ýöne bu temada hiç hili jikme-jik maglumat berilmeýär.

Mart aýynda Gyrgyzystanda "Tawhid wal-Jihat" (TWJ), "Yslam döwleti", "Al-Nusra fronty" terror toparlary bilen ýene özbeklere degişli bir topar bolan "Ymam Buhari jamagat" terror toparynyň iş alyp barmagy gadagan edilipdir. Bu gadagançylygyň özem TWJ toparynyň ýurtda diýseň täsirli hereket edýändiginiň bir alamatydyr.

Gyrgyzystanyň Döwlet howpsuzlyk komiteti mart aýynda beren maglumatynda ýurduň raýatlaryndan Siriýadaky ýaragly toparlara goşulýanlarynyň ýüzden segsen böleginiň etniki özbeklerden düzülýändigini aýdýar.

”12news.uz” internet habar gullugynyň Özbegistanyň hukuk goraýjy organyndaky salgylanan çeşmesi şeýle-de tutulanlardan biriniň, araçy adamynyň, Merkezi Aziýada we Russiýada gadagan edilen "Hizb ut-Tahrir" toparynyň aktiwisti Abulaziz Rahimow bolandygyny aýan edýär.

Çeşmäniň beren maglumatyna görä, Rahimow "Hizb ut-Tahrir" we "Tawhid wal-Jihat" toparlarynyň wekilleriniň aragatnaşygyny ýola goýupdyr. Şol bir wagtyň özünde hem olar bilen bilelikde "Özbegistanda edil orta asyrdaky ýaly "halyfatyň" döredilmeginiň ugurlaryny maslahatlaşmak" üçin ýörite duşuşyklar geçiripdir.

Diňe bir Özbegistanyň däl, eýse Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň hökümetleri hem "Hizb ut-Tahrir" toparynyň ýaşlaryň radikallaşmagynda, olaryň Siriýa bilen Yrakda jeňçileriň hataryna goşulmagynda "Al-Kaýda" we "YD"-niň ýörite strategiýasy üçin esasy roly oýnaýandygyny eýýäm köp wagtdan bäri nygtap gelýärler.

Indi bolsa hukuk goraýjy organdaky bir çeşme hem, "Hizb ut-Tahrir" toparynyň agzalarynyň Siriýadaky TWJ topary üçin Özbegistanda täze meýletin söweşijileriň tapylmagynda yzygiderli rol oýnaýandygyny belleýär.

Düýbi Londonda ýerleşýän "Hizb ut-Tahrir" atly sünni syýasy gurama, ähli musulman ýurtlaryny yslam halyfaty görnüşinde birleşdirmegi maksat edýär we muny parahatçylykly ýol bilen amala aşyrjakdygyny jar edýär.

XS
SM
MD
LG