Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe: 'Uly hüjümiň' öňi alyndy


Türkiýäniň häkimiýetleri Parižde terrorçylykly hüjümleriň amala aşyrylan güni Stambulda “uly” hüjümiň öňüni aldylar.

Polisiýa 13-nji noýabrda Stambulda bäş adamy, şol sanda “Yslam döwleti” toparynyň “Jihadi Jon” atly we ýalynda ABŞ-nyň Siriýada öldürendigini aýdan söweşijisiniň ýarany bolmakda güman edilýän adamy ele saldylar.

Stambulda “YD” bilen bagly bolmakda güman edilip, tussag edilenleriň ýene biri britaniýaly Aine Lesley Dawisdigi aýdyldy we onuň Siriýada daşary ýurtly tussaglaryň sakçysy bolandygy habar berildi.

Dawis we beýleki söweşijiler Siriýadan Türkiýä geçipdir.

Türkiýäniň häkimiýetleri öňi alnan dildüwüşikligiň 132 adamyň ölümine getiren Pariždäki hüjüm bilen gatnaşygyny derňeýändigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG