Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Süýji keseli her 6 sekuntda adam alýar…


Süýji keseli her 6 sekuntda adam alýar…
Süýji keseli her 6 sekuntda adam alýar…

Halkara diabet federasiýasynyň (HDF) hasabatynda aýdylyşyna görä: "Dünýädäki ýurtlaryň köpüsinde döwlet çykdajylarynyň ýüzden 5%-20%-i diabet, ýagny süýji keseline garşy göreşe sarp bolýar. Muňa garamazdan, dünýä boýunça alsaň, onda süýji keselinden her 6 sekuntda ir adam ölýär. Bu san HIW, garahassalyk we malýariýa ýaly iň elhenç üç keseli bilelikde alanyňda, olaryň öldürýän adamlarynyn sanyndan hem köpdür".

Süýji keselli hassalaryň ýüzden togsan bölegi diabetiň iki görnüşinden ejir çekýär. Bu aşa semizlik we gymyldy-hereketsiz ýaşaýyş endigi bilen bagly. Keseliň şeýle aýratynlykdaky görnüşleri ylaýta-da ösen ýurtlarda gaty çalt ýaýbaňlanýar. Häzirki döwürde süýji kesellileriň iň köp sany Hytaýda hasaba alnandyr.

HDF-niň ýerine ýetiriji müdiri Petra Wilsonyň aýtmagyna görä, süýji kesel diňe bir hassanyň janyna howp salmak bilen çäklenmän, eýse ýurtlaryň ykdysadyýetine hem uly howp salýar. Ol 15-nji, 16-njy noýabrda Türkiýede ýygnanan G-20 bileleşiginiň baştutanlaryna bu ugurda çagyryş bilen ýüz tutdy. Olary, 2008-nji ýylda maliýe yzagalaklyga garşy kesgitli çäre görüşleri ýaly, indi aşa semizlige garşy hem aýgytly göreşmekde özara hyzmatdaşlyga çagyrdy. Ýöne Wilson senagatlaşan iň iri 20 ýurduň baştutanlarynyň öz çagyryşyna seslenjeginden häzirlikçe hiç hili alamat görmändigini aýdýar.

Her 10 adamdan biri

2040-njy ýylda dünýäde kämillik ýaşyna ýeten her 10 adamdan biri süýji keselli bolar. Şol bir wagtyň özünde hem 2015-nji ýylda sany 415 million bolan süýji kesellileriň sany 2040-njy ýylda 642 milliona baryp ýeter. Diabete garşy göreş üçin edilýän çykdajylaryň möçberi hem 673 milliarddan 802 milliard dollara çenli ýokarlanar.

Şeýle ýagdaýda Meksika, Çili we Fransiýa ýaly käbir ýurtlar muňa aýgytlaýjy çäre hökmünde şekere uly salgyt goýulmagyny gazanmaga synanyşýarlar. Ýöne azyk senagatynyň we onuň lobbileşdiren, ýagny tarapgöý bähbidine gulluk etdirilýän käbir syýasy toparlarynyň berk gaýtawulyna uçraýarlar. Meselem, Meksikada şekere salgyt goýlandan soň golaýda käbir halk wekilleri ol salgydyň möçberiniň iki esse azaldylmagyny gazanmaga synanyşyp, çykyş edip ugradylar. Britaniýada, süýji içgiler bilen dürli süýji tagamlara goşmaça salgyt goýulmagy barasynda başladylan kampaniýa garamazdan, ýurduň premýer-ministri Dawid Kameron muňa garşylyk bildirdi.

Wilson bolsa syýasatçylaryň, temmäkili meseledäki ýaly, adamynyň saglygyna abanýan bu howpa garşy hem çäre görjekdiklerine ynanýar: "Bilnişi ýaly, temmäkä we onuň önümlerine garşy aýratyn salgydyň goýulmagy hem onuň adamyň saglygyna ýetirýän täsiri dogrusynda edilen bildirişler diýseň oňaýly täsir ýetirdi. Indi biz şekere, ýagny diabete hem şeýle çemeleşmelidiris".

Ýöne Wilson şol bir wagtyň özünde temmäkiden tapawutly ýagdaýda şekere garşy görüljek şeýle çäräniň has kyn boljakdygyny hem boýun alýar. Onuň pikriçe, adamlar temmäkisiz ýaşap bilseler-de, şeker ulanman ýaşamak olara has kyn bolar. Ýöne her näme-de bolsa, iň bärkisi gandy, şekeri gereginden artyk ulanman ýaşasa bolar ahyryn.

XS
SM
MD
LG