Sepleriň elýeterliligi

Tusk Orsýeti tankyt etdi


Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Donald Tusk Orsýeti Siriýadaky harby operasiýalarynda öz ünsüni prezident Başar al-Assada garşy söweşýän “Siriýanyň aram oppozisiýasyna“ däl-de “Yslam döwleti” toparyna gönükdirmäge çagyrdy.

Tusk bu barada 15-nji noýabrda dünýäniň ykdysady taýdan ösen döwletlerini birleşdirýän “Uly 20” (G20) guramasynyň Türkiýäniň günortasynda geçirilen sammitinde aýtdy.

Tusk ABŞ-nyň we Orsýetiň arasynda Siriýada “Yslam döwleti” ekstremist toparyna garşy göreş boýunça hyzmatdaşlygyň “iňňän wajypdygyny” aýtdy.

Orsýetiň Siriýadaky hereketleri bosgunlaryň täze tolkunyny döreder, diýip Tusk duýdurdy we “bizden munuň hakykatdan başlanandygy barada käbir signallar bar” diýdi.

ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa Siriýada we Yrakda bir ýyldan gowrak wagt bäri howa hüjümlerini amala aşyrýar. Orsýet Siriýada howa hüjümlerine 30-njy sentýabrda başlady.

XS
SM
MD
LG