Sepleriň elýeterliligi

'Uly 20' Terrora garşy çäre görer


“Uly 20” (G20) guramasynyň liderleriniň sammiti, Antalia, 15-nji noýabr, 2015

“Uly 20” (G20) guramasynyň liderleriniň sammiti, Antalia, 15-nji noýabr, 2015

Dünýä liderleri Pariždäki hüjümleriň yzýany “Yslam döwleti” toparyna garşy söweşmäge taýýarlyk görkezdiler. Fransiýanyň paýtagtynda bolan hüjümlerde azyndan 132 adam wepat boldy, onuň jogapkärçiligi “Yslam döwleti” topary öz üstüne aldy.

Dünýäniň ykdysady taýdan ösen ýurtlaryny öz içine alýan “Uly 20” (G20) guramasynyň liderleriniň terrora garşy göreş meselesini Türkiýäniň günortasynda geçýän iki günlük sammitiň soňky güni 16-njy noýabrda maslahat etmeklerine garaşylýar.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan duşuşygyň netijesinde terrora garşy göreşde “berk jogap” beriljekdigini aýtdy.

Fransiýanyň daşary işler ministri Laurent Fabius esasy çäreleriň terrorçylygyň maliýe üpjünçiligine garşy gönükdiriljekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG